About the article

Author :

www.islamhouse.com

Date :

Mon, Nov 30 2015

Category :

Jurisprudence

Download

Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri

 


Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri.

 

أحكام العقيقة في السنة المطهرة

 

 

 

 


Terjime eden: (Allanyň rehmedine umyt baglaýan bende).
Alla olaryň ählisine we şu kitaby okanlaryň ählisine rehim etsin.
المترجم: العبد الراجي رحمة ربه
رحمة الله على الجميع

 

Köp çagalylygaň fazylaty barada.

Makal bin Ýesar razy allahu anhu aýdýar: Resulallanyň ýanyna bir adam gelip,Ýa Resulalla maňa bir atly- abraýly, wezipeli, mal mülkli bir owadan aýal nesip etdi. Men şoňa öýleneýinmi, ýöne şol aýal çaga doguranok diýýär, (öň durmuşa çykyp çagasy bolmadyk ). Şonda Resulalla ol adamy aýala öýlenmekden gaýtarýar, soňra şol adam ikinji sapar gelýär-de öňki aýdan zatlaryny aýdýar ýöne Resulalla ýene gaýtarýar, üçünji sapar hem gelýär, Resulalla ony ýene-de gaýtarýar, soňra Pygamber sallahu aleýhi we sellem şeýle diýýär: mylaýym we mähirli, köp çaga dogurýan aýala öýleniň çünki men siziň köplügüňiz bilen begenerin.
Ýene Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýydýar: Öýleniň men siziň köplügiňiz bilen guwanaryn, ýöne siz hiristiýanlaryň terki dünýä bolşy ýaly terki dünýä bolmaň (ýagny öýlenmekden ýüz öwürmäň).

Gyzlary terbiýe edeniň fazylaty barada

Ymam Muslimyň we Tirmizynyň Enes razy Allahu anhunyň rowaýat edýän hadysynda Resulalla sallahu aleýhi we sellem şeýle aýydýar: “Kim ýetginjek ýaşa ýetýänçä iki  gyza hossar çyksa (öz gyzy ýa-da ýetim gyz) men we ol adam jennetde şeýle bolup gireris diýýär”.  ýagny golaý bolup gireris.
Ymam Ahmediň rowaýat edýän hadysynda Ykba bin Amir razy Allahu anhu aýdýar: Resulalla aýdan: “Kimiň üç sany gyzy bolsa olara sabyr etse (ýagny ösdürip – ýetişdirmekde, terbiýe bermekde) ýagdaýy boldugyça iýdirse-içirse, geýim geýdirse  kyýamat güni oňa otdan perde bolar.
Ymam Baýhakyň rowaýat eden hadysynda Aýşa razy allahu anhä aýdýar: Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýdan: Meniň ummatymdan bir adam üç sany gyza ýa-da üç sany uýa ýagşylyk etse (hossar çyksa) kyýamatda otdan perde bolar.

Oglanlary terbiýeläniň fazylaty barada.

Ymam Buhary öz sahyhynda Ebu Hureýre razy Allahu anhu hadysyndan şeýle gelýär Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Dawudyň ogly Suleýman sallahu aleýhi we sellem şeýle diýdi: “Men şu gije ýüz aýalymyň ýanyna bararyn (ýagny ýanaşaryn) ýada togsan dokuz aýalymyň ýanyna ýanaşaryn şolaryň hemmesi Alla ýolunda jihäd etjek ogul dogurarlar” diýýär şonda ýanyndaky: “Inşä Alla diý” diýýär, ýöne Suleýman sallahu aleýhi we sellem diýmegi unudýar, soňra bolsa diňe bir aýal gowreli bolýar ol aýal bir çaganyň bir bölegi bilen gelýär, Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýdýar:
 “Alladan ant içýärin şonda Inşä Alla diýen bolsa hemmesinden Alla ýoluna söweş etjek çaga  dogulardy” diýýär.
Ebu Hureýräniň hadysynda Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýydýar:
“Kyýamat gününde Alla ýedi synply adamy öz kölegesinde kölegelär ol güni Allanyň kölegesinden başga hiç-hili kölege bolmaz: adyl ymam.
Maksat şerigatda ymam diňe erkek kişi bolmaly.

Ýagşy atlar barada.

Resulalla ýaman atlary üýtgedenligi üçin çaga ýagşy at dakylmalydyr.
Ebu Musa razy Allahu anhunyň hadysynda şeýle diýýär: “Meniň oglum boldy we men ony Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň ýanyna getirdim. Pygamber sallahu aleýhi we sellem oňa Ybraýym diýip at dakdy we oňa tähnik etdi (ýagny hurmanyň bir bölegini alyp, çeýnäp barmagyň ujyna alyp çaganyň agzyna saldy) we bereket - haýyr doga etdi, soňra bolsa çagany gaýdyp berdi, şol çaga Ebu Musaň uly oglydy.
Ymam Muslimyň rowaýat eden hadysynda ibn Omar razy Allahu anhumä şeýle aýdýar, Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan :
“Allatagallanyň ýanynda iň gowy atlar Abdylla we Abdyrahman atlardyr”.
Ýeýle hem iň gowy atlar Alla tagalaň bendesi diýip ýöňkelen atlar ýagny - Abdylla, Abdy-Rahman, Abdyl-Hamid, Abdyl-Jebbar ýaly atlar, şonuň ýaly atlar ýenede gowy atlardan pygamberleň atlary çünki Pygamber sallahu aleýhi we sellem öz sahabalarynyň ogullaryna pygamberleriň adyny dakan, öz ogluna Ybraýym, Ebu Musaň ogluna Ybraýym dakan sonra Abdylla bin Seläm diýen bir yslamy kabul eden ýewreýin ogly bolýar şoňa Ýusuf diýip at dakýar we Ebu Talhaň ogly bolýar oňa Abdylla diýip at dakýar.
Ymam Semgany “Subulas-Salam” diýen kitapda şeýle aýdan:
“Iň erbet zatlaryň biri biziň zamanamyzda erbet adamlar uly ýagşy atlar bilen dakyndylar şunuň ýaly zatlaryň hökman oňüni almalydyr”.
Pygambar sallallahu aleýhi we sellemiň öz adyny dakmaklyk hem gowydyr. Gadagan edilen atlar öwgä mynasyp bolan atlar, ýenede kapyrlaryň adyny dakmak we Alladan gaýra bendesi diýlip  ýönkelýän atlary dakmak gadagan, meselem Abdyl-Resul, Öwliýaguly şol atlar gadagan, ýenede patyşalaryň-patyşasy ýaly atlar gadagandyr.
 
Haçan at dakylýar.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem ýedinji güni çaga at dakmaklygy buýurdy, we-de onuň hapsyny aýyrmaklygy we  akyka etmekligi buýurdy, adyny dogulanynyň yz ýany daksada bolýar oňa delil Ebu Musa şeýle diýýär: “Meniň oglum boldy yz ýany Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň ýanyna getirdim şol güni at dakdy”.
Ýöne ýedinji güni goýsaň has gowusydyr.
Ibni Hazm aýdýar: “Çaga dogulan güni at dakylýar ýöne ýedinji güne garaşylsa has gowusydyr”.
Kaka ýa-da eje at dakmaga has mynasypdyr diýilýän delil ýok şu ýerde adatda näme alynýan bolsa alynýandyr.
Pygamber sallallahu aleýhi we sellemiň özi öz gyzynyň ogullaryna Hasan, Huseýine  özi at dakýar Pygamber bolanlygy üçin däl-de olaryň atasy bolanlygy üçindir çünki Pygamber sallallahu aleýhi we sellem:
“Ogluma näme at dakdyňyz” diýýär „Oglum” diýip ýatlaýar, özüniň neslidigni ýatlaýar.

Akyka

Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan: ”Her bir çaganyň akykasy bardyr onuň adyndan gan döküň we ondaky hapany aýyryň”.
Pygamber sallallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Akyka hökmandyr, oglandan iki sany deň goýun gyzdan bir goýun”
Enes razy Allahu anhu aýdan: “Pygamber sallahu aleýhi we sellem Hasan-Huseýiniň hersi üçin iki goýundan damagyny çaldy”.

Akyka wäjypdyr.

Aýşa razy Allahu anhä aýdan: “Bize Pygamber sallallahu aleýhi we sellem oglan üçin iki malyň gyz üçin bir malyň damagyny çalmaklygy  buýurdy”.

Haçan damak çalynýar.

Resulalla sallallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Çaga öz akykasyna baglydyr ýedinji gün at dakylýar, damak çalynýar, saç syrylýandyr“.
Başga rowaýatda “ýedilenji gün girende diýýär”.
Eger ýedilenji güni damak çalyp bilmese yzyndaky ýedilenji güni çalmalydyr eger ol ýedilenji gün çalyp bilmese üçünji ýedilenji gün damak çalyp bilýär, eger üçinji hepdede damak çalyp bilmese hiç zat çalmaýar, başarmadygydyr.
Aly kary „Myrkat“ diýen kytabynda şeýle diýýär:
“Çaga öz akykasyna baglydyr ýagny - apatlardan belalardan aman bolmagy üçin akykasyna baglydyr” diýýär.

Haýsy maldan damak çalynýar.

Aýşa razy Allahu anhä Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Oglan üçin iki goýun, gyz üçin bir goýun damak çalynýar (mal) erkek bolsun urkaçy bolsun tapwudy ýokdyr”.
Ebu Hureýre razy Allahu anhu aýydýar Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Sary ak garyşyk mal iki gara goýundan gowydyr diýýär”.
Malyň plan şekilli bolmagyna hiç –hili delil ýokdur, ýöne goýun diýlip söz geldi goýun nämä at diýilse şol bolýandyr, ýöne bende Hudaýyň beren nygmatyna şükür edip şükürini gaýtarmak üçin damak çalýan maly göz görtel çaşy ýa-da agsak, bolmaly däl diýlip delil ýok ýöne eden şükrüni has  aňry başyna etse, has gowydyr.
Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýdan: “gurbanlyk barada damak çalynýan malyň gowysy, bahasy galaragydyr” diýýär.

Ýagşy damak çalmak.

Men Resulalla sallahu aleýhi we sellem den iki sany zat ýat tutdym diýýär: Allatagalla her bir zada ýagşylyk etmekligi buýrandyr eger damak çalyp öldürseňiz gowy edip öldüriň pyçagyňyzy ýiteldiň öldürýän malyňyza ezýet bermäň.

Oglan üçin iki goýun gyz üçin bir goýundan başga zat damak çalmaklyk bolýan däldir.

Ato aýdýar bir aýal Aýşa razy Allahu anhä: “Eger pylanynyň aýaly dograýsa men düýe ýykaryn” diýýär şonda Aýşa enemiz:
“Ýok sünnet, oglan üçin iki goýun, gyz üçin bir goýunyň damagyny çalmaklykdyr” diýýär.
Ýusuf bin Mähik şeýle aýdýar: “Men we ibn Muleýke Hafsa binti Abdyrahman bin Ebu Bekiriň ýanyna girdik şol wagtlar Munzir bin Zubeýiriňem ogly bolupdy şonda men: “Düýe ýykaýsaň bolmaýarmydy” ? diýdim, şonda Hafsa: “Alla saklasyn meniň daýzam Aýşa şeýle diýen: “oglan uçin iki goýun gyz uçin bir goýunyň (damagy çalynmalydyr) diýdi” diýýär.

Adam özüniň akykasyny etmek barada.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem Pygamber bolandan soň öz akykasyny edipdir. Şeýh Albani şu zatlara selefler hem amal edipdir diýip ýatlaýar .
Muhammet bin Sirin aýdýar: “Meniň akykam edilmedigini bilen bolsam men öz özüme akyka ederdim”.
Uly tabygynlardan Hasan al- Basram birine eger senň eneň - ataň saňa akyka etmedik bolsa, sen öz özüňe akyka et diýýär.
Şeýh Albanidan öz sapaklarynyň birinde biri soraýar: “Akyka üçin karz almak dogrymy?, akyka wajypdyr” diýip ýatlaýa şeýhyň özi şeýle diýýär:
“Egerde sen bergiňi gaýtaryp biljek bolsaň karz almak bolýandyr, gaýtaryp bilmejek bolsaň bolýan däldir, çünki gaýtaryp bilmeseň adamlaryň malyny boş ýere iýýän adam ýaly bolýansyň.

Doglan çaga azan aýtmaklyk.

Ebu Rafig razy Allahu anhu aýdýar: men Resulalla sallahu aleýhi we sellemiň Fatimanyň Hasany dogranda gulagyna azan aýdanyny gördum diýýär.

Tähnik etmek.

Enes razy Allahu anhu aýdýar:
“Ebu Talhanyň ogly keselleýär, soňra Ebu Talha çykandan soň çaga ölýär we aýaly  çaganyň ölenligni aýtmaýar agşam Ebu Talha öýe gelende soraýar: “çagamyz nähili”? diýýär Ummy Suleýim: “Iň gowy haldadyr” diýýär we agşam naharyny berýär we bir-biriniň ýanyna ýanaşýarlar soňra çaganyň ölenligini habar berýär we Ebu Talha Pygamber sallallahu aleýhi we selleme bolan wakany aýdýar Pygamber sallallahu aleýhi we sellem:
“siz ýanaşdyňyzmy? Allatagalla size bereket bersin” diýýär.
Soňra olaryň ogullary bolýar we Pygamber sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna getirýär agzyna tähnik edýär hurmany çeýnäp agzynyň içine degirýär soňra Abdylla diýip at dakýar şol çaga  alym bolup ýetişýär.
 
Kümüş sadaka etmeklik.

Aly razy Allahu anhu aýdýar: Pygamber sallallahu aleýhi we sellem Hasan üçin akyka edýär we Fatma:
“Onuň saçyny syrda agramyna görä kümüş sadaka ber” diýýär  dirhem töwerek saçynyň agramy bolupdyr.

Akyka baranyňda näme diýmeli.

Esma binti Ebu Bekir razy Allahu anhumä aýdýar: “Men Abdulla ibn Zubeýrden göwreli boldum ýagny mekkede soňra medinä hijret edip geldik we Kuba diýen ýerde oglum doguldy, soňra Pygamber sallallahu aleýhi we sellemiň ýanyna oglumy getirdik Pygamber sallallahu aleýhi we sellem ony öz gujagyna goýdy, soňra hurma getirmekligi buýurdy Pygamber sallallahu aleýhi we sellem hurmany çeýnedi-de öz agzyndan alyp Abdyllanyň agzyna goýdy, Abdyllaň agzyna ilkinji goýulan zat Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň tüküligi boldy, soňra Pygamber sallahu aleýhi we sellem tähnik etdi ýagny şol hurma bilen agzynyň içini geçdi bereket dogasyny etdi ýagny barakalla diýdi, we-de yslamda dogulan birinji oglan şol boldy we şeýle begendiler çünki olaryň arasynda “ýewreýler sizi jadyladylar siziň çagaňyz bolmaýar” diýen gep döräpdi”.
Umuman şu bäbetde hiç-hili belli doga ýok ýagny barakalla ýa-da Allatagala ýaşyny uzyn etsin diýip şonuň ýaly umumy dogalary etse bolýar.

Sunnetlemek barada.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem şeýle diýen:
“Sünnetlmek fytratdyr, päklikdir”.
Jabir razy Allahu anhunyň hadysynda Pygamber sallahu aleýhi we sellem Hasan we Huseýini ýedilenji güni sünnetlän.
Ýokarda ýatlanan zatlaryň hiçisi dowamatly bolmagy şert däl ýagny birinji akyka etmeli soň at dakmaly, soň saçyny syrmaly diýilen zat ýok, haýsy öň ýa-da soň edilende bolýar umuman hemmesini bitirmelidir.
Şeýh Albani şeýle diýýär: “Akyka üçün belli ýurt şert däldir biriniň çagasy Amerikada bolsa Turkmenistana gelse ol ýerde damak çalmaklygy ýada şu ýerde damak çalmakylgy şert däldir”.
Şeýh Albani aýdýar: “Akykany ýagdaýyň bolsada soňa goýup bolýar ýöne üç hepdeden geçmeli däldir”.

Doglan gün etmek barada.

Şeýh Useýmin öz sapaklarynyň birinde şeýle aýdýar: Her hepdede her aýda gaýtalanyp gelýän zada aýyd diýilýär, şerigatda bolmadyk zadyň ählisi bidgatdyr şerigat çaga üçin akyka diýen zady goýdy şondan başga hiç zady çaga üçin goýmady, ýöne adamlar her ýylda ýa-da her aýda dowamatly gelip durmagy şerigat aýydlaryna, şerigat baýramlaryna meňzetmekleri gadagandyr çünki yslamda  üç sany aýyd bardyr biri agyz açylanda beýlekisi gurbanlyk we her hepdede gelýän juma namazy aýydyň görnüşidir.
Şeýh ul-Islam ibn Teýmiýe aýdýar: “gurbanlyk etmeklik ýada akyka etmeklik şol malyň bahasyny sadaka bereniňden gowydyr”.