YSLAM PARAHAT DINI

YSLAM PARAHAT DINI

YSLAM PARAHAT DINI
الإسلام دين السلام باللغة التركمانية

 

Abd Ar-Rahman bin Abd Al-Kareem Ash-Sheha


Terjime eden
EUROPEAN ISLAMIC RESEARCH CENTER (EIRC)
المركز الأوروبي للدراسات الإسلامية

 

WWW.ISLAMLAND.COM

 


Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen.
Hamdlar, òwgüler Allaha mahsus we salam we salat Pygambermiz Muhammede, maşgalasyna we ýoldaşlarna bolsun.

Yslam ýagtylygy ýüze çykmanka, ýer ýüzüni ganly urşlar gurşap alandy. Arkaýynlyk we salamtlyk diýen sözler bolsa sözlüklerden pozulandy. Egerde diñe Ýewropa göz aýlasakda, hiç bir ýurdunda arkaýynlyk bolmandy, gaýtam tersine, Ýewropanyn her bir döwleti başga döwletine duşmanlyk ederdi, salgyt salardy. Adamlaryñ arasynda ýigrençlik ýaýrama bilen boldy, bul zadyñ sebäbi bolsa adamlaryn reñki, dini, taýpasyna göre, şahşy bähbitler ýada millet parzarcylyk boldupdy. Şol zatlar üçin ýesirleriñ haklaryna hormat goýulmady, gaýta agyr ýagdaýda jeza berilip, damaklary çalyndy. Adamlaryn emläkleri, namyslary we zenanlary hem aman galman, olara hem el urlupdy. Çagalarnyñ bolsa gul edilip, soñra gul bazarlarda satylmagyna hem bardy. Adamlaryñ salamatlyk we arkaýynlyk diýilen zatlaryñ manysyny hem bilmezdiler. Olar diñe söweş, gorkuzmak, basyp almak, gul etmek, zulum etmek we çenden aşmak diýilen zatlary bilýärdiler. Adamlararyñ arasynda: "Her bir halk òz patşalarnyñ dininde bolmaly" diýen, düşünje hem bardy. "Haýsy bir kişi öz patşasynyñ dininden başga dini saýlasa, öldùrmeli " diýen düşünjede ýaşaýardylar. Hatda bir dindarlaryñ arasynda hem bir birlerne bolan ýigrençleri üçin söweşler bolardy. Buna bolsa hristiýanlar aýdyn mysal bolup biler. Bularyñ sebabi hem, Kim seniñ bilen ylalaşmasa, ona her hili lakam dakmat, hyýanat bilen ýamanlamak we öldùrmek bilen gutarardy.
Pygamber Muhammet (sallalahu aleyhi wesselem) ýerdäki Allaha şirk etmekligi, zulumy, bozgakçylygy wasp edip şeyle diýyãr:
" Allah tagala meni ugratmazyndan òñ, ýerdãki ýaşaýjylara seretdi we kitap ählinden (dinini ùýtgetmän pygamberiñ yzlaryna düşenlerden) başga hemmesini ýigrendi. "
Sahyh Ibn Hibbän.
Şonuñ ucin Yslam äleme salamtlyk bilen geldi. Zulumy, duşmançylygy, haram etdi. Ýesirleriñ haklaryny doly beýan etdi. Bul zatlar 1400 ýyl mundan ozal goýuldy we adalatlyk, deñhukuklylygyñ we millet parazlygyñ yok etmeklikligini emir etdi. Ynsanyñ arnamysyna, malyna, hayatyna duşmanlyk ýada zyyan ýetirmekligi haram etdi. Mundan başgada Yslam döwletinde ýaşayan gaýry dinlilere, haklaryny ykrar etdi we olaryñ ahytlaryny, ylalalyşklaryny doly ýerine ýetirip, ondan gaçmaklygy, hyýanat etmekligi hem haram etdi. Bul zatlary geljekde ýekeme-ýeke orta alyp açyklarys.

Allahdan dileýaris bul kitaby Allahyñ dini bolan Yslamy tanamak isleýäne peýdaly etmekligi we kalbyny açmaklygy.

Abd Ar-Rahman bin Abd Al-Kareem Ash-Sheha
WWW.ISLAMLAND.COM


YSLAMYÑ MANYSY:
Okaýjy doganmyza «Yslamda parahatçylyk» diýmekligiñ düşnükli bolmaklygy üçin Yslam sözüni giñişleýin manysyny düşündürmeklik gerek. Sebäbi Yslam sözi kòp manyny òź içine alýar.

YSLAM:
Ãlemleriñ Robby bolan Allaha ruh we jeset bilen (har zelil halda) boýun bolmak. Olam buýruklaryna boýun bolmak, gadagan eden zatlaryndan daşlaşmak we her bir kaza we kadar (kysmatyñ ýazan zadyna) razylyķ bilen boýun bolmak.
Alla tagala kuranda Ybrahym (aleýhis salama) aýdan sözini bize ýetirýär.
Alla tagala aýtdy:
«(Ybrahymyñ) robby oña boýun bol diýdi, şonda Älemleriñ robbuna boýun boldum diýdi (Ybrahym)»
[Al-Bakara 131]
Ine şul hakyky Yslam, hökman her bir musulmanyñ durmuşda Alla tagalañ aýdyşy ýaly ýaşamaly.
Alla tagala aýtdy:
Aýt: «Takyk, meniň okan namazym‚ (haj we gurbanlyk ýaly) ybadatlarym‚ ýaşaýşym‚ ölümim älemleriň Perwerdigäri bolan Alla üçindir.
[Engam 162]
Salam Allah tagalañ mukaddes atlaryndan bir ady:
Alla tagala aýtdy:
Ol Özünden başga (ybadata laýyk) hudaý bolmadyk Alladyr. Ol Melikdir (Hökümdadyr), Kuddusdyr (Kemçiliklerden päkdir), Salamdyr (Salamatlyga ýetirýändir), Mömindir (Amanlyga ýetirýändir), Muheýmindir     (Seredip duran gözegçidir), Ezizdir (Gudraty güýçlüdir), Jepbardyr (Güýç ulanyjydyr) Mutekebbirdir (Beýiklikde deňi-taýy    ýokdur). Alla özüne şärik goşýanlaryň aýdýan zatlaryndan päkdir (hem-de    beýikdir).
 [Al -Haşr 23]
Ýenede « Salam » Jennetiñ atlaryndan bir ady:
Alla tagala aýtdy:
Özleriniň Perwerdigäriniň ýanyndaky salamatlyk ýurdy (jennet) olaryňkydyr. Eden (haýyrly) işleri sebäpli,    Ol (Alla) olaryň dostudyr (hemaýatkäridir).    
 [Engam 127]
Ýenede «Salam» Jennetiñ eýeleriniñ (ähilleriniñ) görüşenlerinde biri-birlerine aýtjak sözidir. (Allah bizi jennetiñ ählinden etsin)
Alla tagala aýtdy:
Olar Alla gowşan gününde salam bilen garşylanarlar. Alla olara örän uly sylag taýýarlandyr.
[Azhab 44]
Ýenedede «Salam» musulmanlary öz aralarynda salamlaşmagy:
Esselämu aleýkum we rahmatullahi we berekätuh.
Salamlaşyklaryñ içinde iñ mylaýym we mylakatly, eşitmegi iñ ýakymly, ýürekleri biri-birlerine golaýlaşdyrmagyna sebäp bolýar, duşmancylygy we ýigrenji ýok edýär, newisleriñ rahatlyk tapýan bul «Salam» nähili bir üytgeşik!!!!
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) salamlaşyga imanyñ doldurgyçyndandygyny habar berdi:
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Iman edýänçãñiz Jennete girmersiñiz tä biri-biriñizi söýýãnçäñiz iman etdigiñiz bolmaz, size bir zat öwredeýin egerde ýerine ýetirseñiz biri-biñizi sòýersiñiz. Arañyzda «esselamu aleýkum» (salamy) ýaýradyñ»
 Muslim rowaýat eden.
Ýenede Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) iñ haýyrly amallar barada soralanda:
«(aclary) Naharlamagyñ, tanaýanyñyza we tanamaýanyñyza salam bermek (esselamu aleýkum) diýmek.
 
 Yslamy kabul etmekden (yslam bilen ýaşamaklykdan) maksat Allahyñ razylygyna eltýän, ýoluny tutup, razylygyny gazanmakdyr.
Alla tagala aýtdy:
Eý, ähli-kitap! Siziň    kitapda (Töwratda    we Injilde) gizlän zatlaryňyzyň köpüsini size beýan    edýän we köpüsini hem geçýän (bagyşlaýan) ilçimiz (Muhammet) geldi. Takyk, size Alla (tarapyndan) bir nur we äşgär kitap     (Kuran) geldi. Allanyň razylygyny isleýänleri (Alla) onuň (Kuranyň) üsti bilen salamatlyk ýoluna gönükdirer we Öz rugsady (eradasy) bilen olary    zulmatdan (kapyrlykdan) nura (imana) çykarar we dogry ýola gönükdirer.    
 [Al - Mäide 15 - 16]
Yslam dini doly, kämil we Parahatçylykly dindir. Parahatçylykly waspyny musulman jemgyýeti bolsun ýada musulman däl jemgyýeti bolsun (egerde yslama dil uzadýan bolmasa) saklayan dindir.
Pygamberimiziniñ (sallallahu aleýhi wesellem) aýdyşy ýaly:
«Kimiñ elinden we dilinden musulmanlar salamat bolsa, şol hakyky musulmandyr».
Ylalaşylan hadys.
Başgada Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Kimden adamlar öz ganlaryny we mallarny arkaýyn duýsalar şol mumindir»
 (Ahmed, At-tirmiz, Ibn Majeh, we Albani sahyh diýdi)

 
 YSLAM MEJBURLYK BILEN ÝAÝRADYMY?

Yslama göripleriñ ýaýradýan şular ýaly sözleri Yslam ol töhmetleri puja çykarýar (ýalana çykarýar).
Alla tagala aýtdy:
Dinde (hiç bir) mejburlyk ýokdur. Dogrulyk egrilikden (aýdyň) tapawulandyrylandyr. Kim taguty (şeýtany) inkär edip, Alla iman getirse, ol üzülmeýän    berk tanapa (hak dine) ýapyşandyr. Alla (ähli zady) eşidýändir, bilýändir.
 [Al-Bakara 256]
Alla tagala aýtdy:
Eger Perwerdigäriň    islesedi, ýer ýüzündäki kişileriň ählisi hökman iman getirerdi. (Eý, Muhammet!) Eýsem, adamlary mömin bolmaga sen mejbur etjekmi?    
 [Ýunus99]
Alla tagala aýtdy:
(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran) Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi     iman getirsin,    islän kişi inkär etsin!
 [Al-Kahf 29]
Alla tagala aýtdy:
(Eý, Muhammet!) Eger ýüz     öwürseler, seniň wezipäň diňe (hakykaty) aýdyň beýan etmekdir.    
 [An-Nahl 82]
Alla tagala aýtdy:
(Eý, Muhammet!) Sen öwüt-ündew ber!    (Ynsanlary dogry ýola çagyr!) Seniň     (wezipäň) diňe öwüt-ündew etmekdir (dogry ýola çagyrmakdyr). Ýogsa sen    olary zorluk bilen (ýola salyjy) dälsiň.    
 [Al-Gaşyýe 21- 22]
Şular ýaly manyda Kurandan aýatlar diýseñ köp. Sebäbi Yslam ynançdan ybarat. Ynanjam hökman ýüregiñ ykrar etmeli diñe diliñ aýdany ýeterlik däl.
Ýüregiñ ykrar etmegini güýç bilen mejbur edip etdirip bolmaýar. Sebäbi ynsan ýüreginiñ ynanmaýan ynanjyny dili bilen diýip biler. Şonuñ üçin
Allah tagala şeýle diýdi:
Kim, Alla iman getirenden    soň (ýene) kapyr bolsa, (Allanyň gazabyna duçar bolar). Ýöne kimiň    kalby iman bilen doly bolup, (dili bilen Allany inkär etmeklige) mejbur edilse (kapyr bolmaz). Emma kim köňlüni kapyrlyga açsa, olaryň üstüne Alladan gazap (iner). Olar üçin uly azap bardyr.
 [An-Nahl 106]


YSLAM GÜÝҪ BILEN ÝAÝRADYMY?

Her bir nyzamda (kanunda) hökmany ýagdaýda güýç bolmaly, ony goramak, ýerine ýetirmek we garşysyna gidýäne jeza bermek üçin. Şol güýç nyzamy (kanuny) dowamatly, doly ýöremegini öz gol astyna alýar.

Osman (Allah ondan razy bolsyn) aýtdy:
«Allah tagala Kuranyñ üsti bilen gaýtarmaýan zadyny Soltanyñ (baş tutanyñ) üsti bilen gaýtarýar»
Rozin rowayat eden, munkatyg
Geliñ gysgaça taryha dolanalyñ:
Yslamyñ ilki başynda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) 13 ýyl Mekkede öz kowmuny gowy sözler bilen Yslamaçagyrdy. Şonda kowmy ony ýalançy görmeklerine, azar bermeklerine, ezýet bermeklerine, gatylyk görmegine we zulum görmegine Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) we oña iman edenler bilen bile duçar boldy. Şeýle bir derejede kowmy ezýet bermek bilen Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) azap berdiler hatda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) azap berilýän sahabalaryñ deñindeñ geçende diñe olara sabr etmeklik buýurmakdan başga zat edip bilmedi.
Haçanda Ammar ibn Yasir we ejesi Sumeýýa azap berip durkalar Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem):
“Sabr ediñ Ýasyryñ maşgalasy, barjak ýeriñiz Jennetdir” diýdi.
 Şeýh Albani sahyh diýdi.
Öz aralarynda Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) öldürmeli we dagwatyndan dynmaly diýen dil düwüşige çenli bardy. Şonda Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem):
«Eý Allah kowmumy bagyşla, Olar bilenoklar» diýmekden başga zat goşmady sözüne.
 Ylalaşylan hadys.
Allah tagalada Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) sabyr etmekligi buýurdy, özünden öñki Pygamberleriñ kowumlary ýalancy görendiklerini we ezýet berendiklerini habar berdi. Sebäbi hak bilen batylyñ (ýalanyñ) haýyr bilen şeriñ arasyndaky çekeleşigi üçin dagwat ýoly uzyn we kyn.
Alla tagala aýtdy:
(Şonuň üçin,    eý, Muhammet!) Sen hem    (Nuh, Ybraýym, Musa we    Isa ýaly) örän tutanýerli pygamberleriň sabyr edişleri kimin, sabyr et! Olara (azabyň gelmegi)     üçin howlukma!
 [Ahkaf-35]
Şeýtmek bilen dowam etdi, her ýyl gelýän tireleri yslama çagyryp tä Medineden bir topar adamlaryñ iman getirýänçäler, şonda Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) gorajakdyklary barada beýgat berýärler (kasam içýärler). Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) muminler bilen Medina hijret etdi Şondan öñ 13 ýyl Mekgede ýaşanynda ýekeje damja gan dökülmegine rugsat bermedi, hijret edeninden soñra kureýşliler yzyndaky öz we beýleki hijret eden musulmanlaryñ mallaryny aldylar şondada Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) uruş etmeli diýip buýurmady tä Medinede 2 ýyl bolanyndan soñ haçanda garşydaşlary, duşmanlary we içalylar köpelýänçä şondada Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) uruşy birinji başlamadyk. Sebäbi Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) kureýşleriñ Medinäñ üstünden geçýän kerweniniñ ýoluny yapmak ùçin çykan. Kureýşlere ykdysady tarapdan pese düşmegi islän, öz dagwatyna garşy çykmazlary ýaly, adamlaryñ öñünde böwet bolmazlyklary, özüne we muminlere garşylyk görkezmezlikleri üçin we muminleriñ mallaryny yzyna gaytarmaklary ùçin kerweniñ öñüni ýapmaga çykan. Ýöne welin Ebu Sufýanyñ ýolbaşçylygynda bolan kerwen öz habaryny kureýşe ýetiren. Haçanda kureýş habary bileninden soñ adamlary we ýaraglary taýynlap Mekgeden Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) uruşmaga çykanlar. Şol Yslamda ilkinji Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) gatnaşan urşy bolup Allahyñ resuly we muminler ýeñiş gazandylar.
Alla tagala aýtdy:
“Özleri bilen söweş alnyp barylýanlara (Alla ynananlara) zulum edilenligi sebäpli, (söweşmäge) rugsat edildi. Takyk, Allanyň olara kömek etmäge güýji ýetýändir. Olar diňe: «Biziň Perwerdigärimiz Alladyr» diýenleri üçin nähak ýere öz ýurtlaryndan çykaryldylar. Eger Alla ynsanlaryň käbirlerini (erbetlerini) beýleki käbirleri bilen dep etmedik bolsady, takyk, içlerinde Allanyň ady bol agzalýan ruhany öýleri, kiliseler, ýahudylaryňybadathanalary we metjitler ýumrular giderdi. Alla özüne (dinine) kömek edenlere hökman ýardam berer. Takyk, Alla çäksiz kuwwatlydyr, Gudraty     güýçlüdir. Olar özlerine häkimiýet berenimizde namaz okan, zekat beren we ýagşylygy ündäp, ýamanlygy gadagan eden adamlardyr. Işleriň netijesi (soňy) Alla degişlidir.”
 [Haj 39 - 41]

Pygamberin (sallallahu aleýhi we sellem) iberleninden, tä ýogalýança Arap ýarym adalygyndaku gazanan ýeñişlerinde, musulman we müşriklerden ölenleriñ sany 375-den geçmedigini bilmegimiz ýeterlik.
Ýene şolar ýala Sahabalaryñ öz ýagşy ahlaklaty, gözel ara-gatnaşyklary we Dine gözel görnüşinde çagyrmaklary esasynda ençeme Patşalyklary açdylar.
Täze Yslama giren Beşir Ahmet Şad şeýle diýýär: "Biz (hristiyan wagtymyz): "Yslam gylyçyñ täsiri esasynda ýaýrady" diýen bolýadyk. Soñra özüme :"Şondada adamalar name üçin Yslama gün geldigiçe girýänleriñ sany köpelýär, gaýtam Yslama berk ýapyşýarlar, hiç kim hem olary mejbur we zorluk hem görkezmesede?!" diýip , ýüzlendim.

Gelin indi göz aýlalyñ, Yslamyñ ýaýramagy we özüni goramagy üçin güýç diñe Yslam öz eýeruwjylarna toplamaklaryny güýç taplamagy buýrdymy.
Töwrot kitabynda şeýle diýilýär: "Haçanda şähere urş üçìn golaýlanyñda olara ylalaşyga çagyr, egerde boýun towlap senin bilen söweş etseler, Egerde rana Robbunýeniş berse, erkeklerni gylyçdan geçir, aýallarny, çagalarny,öý haýwanlarny we şäherdäki hemme zady bolsa òzüñe olja edinip al, Robbuñ sana beren, duşmanyñ oljasyny iý, senden daş bolan şäherlerin barjasyny edil şular ýaly et."

Injilde bolsa şeýle diýikýär: " Pikir etmäñ, men ýeriñ ýüzündakilere salam bermage gelendirin diýip, tersine men olara gylyç bilen geldim. Men oguly kakasyna, kakasyna ogluna garsy etmäk üçin geldim"

Justaf Lobon Araplaryñ medenýenti diýen kitabynyñ 127-128 sahypasynda şeýle diýýär: "Yslam ýaýramagy üçin güýç ulanylmady, Araplar basyp alanlary azat hallarynda, öz islän dinlerinde bolmaklaryna ygtyýar bererdiler, şondan sonra hristiýanlaryñ kabir taýpalary Yslam dinini kabul etdiler, arap dilini bul özlerini dil edindiler, bul zadyñ sebäbi bolsa, özlerni basyp alan araplardan, önki bastutanlaryndan görmedik ýagşylyklarny gördüler"

YSLAM AÇYŞLARYNYÑ MAKSADY TEBIGY WE ADAMLARYNÑ ELINDAKI BAYLYKLARDYMY?

Bul pikir, Yslamyñ maksadyny we esasyny bilmedik kişiniñ ilkinji aklyna geljek pikir bolup durýar. Biz seýle diýýaris, Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) Yslama çagyryp başlanynda, ona her hili baýlyklar hödürlediler, isle iñ owadan gyxkaryna oýerjekdiklerni, islese baş tutanlary etjekdigini, islese dünýe maky berjekdiklerni aýtdyler, ýöne Yslama cagyrmasyny goýmagyny talap etdiler. Şoñda Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) olara öz işinden elini çekmejegini aytdy.
Egerde maksady dünýe maky bolsa kabul ederdi, olar ýalypursady elden bermezdi. Haçan Yslam nury ýaýrap başlanynda Patşadyr, wezirlere hat ýoldap, egerde yslama girseler, öz orunlarynda galjakdyklary we hökümdarlyklarny dowam etjekdiklerni beldäpdi, Ol hatlardan Rumuñ beýigi Gerekyla iberen hatynda seýle: "Rahman we Rahym Allahyñ ady bilen başlaýaryn. Allahyñ Resuly Muhammetden Rumuñ beýigi Gerakula. Dogry ýoly eýerene Salam bolsun. Men Seni Yslama çagyrýaryn, Yslamy kabul et, (günälerden we oda girmekden) gutularsyñ. Yslamy kabul et, Allah tagala sogabyny iki esse edip berer, egerde boýun gaçyrsan sana yzyna düşenlerinem günasi bolar.
“(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli-kitap! Geliň, biziň siziň bilen araňyzda deň (manyda) bolan (şu) sözi (kabul edeliň): «Alladan başgasyna ybadat etmäliň. Oňa hiç zady şärik goşmalyň, Alladan başga (käbir ynsanlaryň toslan zatlaryny kabul edip), biri-birlerimizi perwerdigärler edinmäliň (hudaýlaşdyrmalyň)». Eger (olar ýene-de) ýüz öwürseler: «(Eý, kapyrlar!) Biziň musulmandygymyza şaýat boluň!» diýiň.” diýip ýazdy.
[Ali imron 64]
Buhary we muslim rowaýat etden

Enes (Allah ondan razy bolsun) : "Pygamber (sallallahu aleyhi we sellem) Yslam girmek üçin name soralsa bererdi. Bir gezek bir geldi Yslamy kabul etmäge, ýanka iki dagyñ arasyndaku goýun sürüsini berdi. Ýanky öz iline dolanyp:"Eý, Adamalar! Yslama giriñ, Muhammet seýle bir köp zat paýlaýar, gutarmagynda hiç gorkanok" diýip, jar çekdi. Ilki bada adam Yslamy dünýä üçin ( berilýän zatdan almak ùcin) kabul etsede, Yslam oña dünýä we onuñ üstündaki barja zatda has söýgüli bolup duruberýär" diýdi
 Muslim rowayat etdi
Bir gün Omar (razyýallahu anhu) Pygamberiñ ýanyna geldi, öýüne girip gözüni aýlanda köne düşekçeden başga zada gözü düşmedi, Şonda Omar göz ýaşyny saklap bilmän aglap başlady, Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) ondan: "Name zat seni aglatdy?"diýip sorady. Şonda Omar:"Name üçin aglamaýyn! Kaýsor bilen Kisro dünýänin lezzetini we nygamaty görüp ýaşaýarlar, Allahyñ ilçisi bolsa meniñ şul görýän zadymdan başga zady ýok" diýen. Pygamber (sallahu aleýhi we sellem) bolsa: " Sen, Olara dünýä, bize bolsa ahyrýet bolmagyna razy dälmisiñ" diýip jogap berdi.
 Mutafikun aleýhi

Soñra bolsa Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) öleninden soñ name zat goýup gitdi, şul dünýä degişli zatlarda. Elharysyñ ogly Amyr aýdýar: " Allahyñ Resuly (sallallahu aleýhi we sellem) öleninde dirhemdir,-dinar, gul- gyrnakdan hiçzat goýup gitmedi, dine ak gulam we ýaragdan başga. Bir ýeri bolsa sadaka etdi" diýdi.
 Buhary rowaýat eden.
Başga rowaýatda bolsa "gaýtam öleninde, uruş eşigi bir ýehududa 30 goşawuş arpa derek goýulan haldady" diýdi
 Buhary,Muslim we Ennesäi dagy rowaýat eden
Nireden şundan sonam dünýäni we tebygy baýlyklary söýmek bolsun!

Pygamberiñ (sallallahu aleýhi we sellem) ikinji halyfasy Hattabyñ ogly Omaryñ (Razyýallahu anhu) döwrün Yslam acçyslary diýsen köp bolup gaty giñän. Haçanda garny açlykdan juguldanda : "Jugulda ýada juguldama mana bildirmeýär, tä musulmanlaryn garny doýýança senem doýmarsyn" diýen.
Ibn Eljewzi yatlan
Uhud söweşinde Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem): "Ýeri asmanlar we ýer şary ýaly bolan Jennete tarap turuñ" diýdi. Elhumamyñ ogly Umeýr eşidip: "Jennetden beriljek ýer Asmanlar we ýer şary ýalymy?" diýip sorady. Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) : "hawa" diýip jogap berdi. Umeýr: "baýbow" diýip geñ gördi. Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) : "Name zat sana beýle diýdirdi" diýip sorady. Umeýr : " Allaha kasam bolsun, sonuñ ehlinden bolmak arzuwyndan başga hiç zat diýdirmedi" diýdi. Pygamber (sallallahu aleýhi we sellem) : "Sen sonuñ ehlinden" diýdi. Umeýr horjunyndan hurma çykaryp iýmage durdy we şeýle diýdi: " Şunca hurmany iýýänçan diri boljak bolsam, bul ýaman uzak wagt" diýip hurmalary zyñyp söweşmäge başlady tä öldürilýänçä.
 Muslim rowaýat etdi

Musulmanlaryñ ilkinji alyp baran (ýurt) açyşlary, olara we yzyndaky nesile şul durmuşy gowy ýaşaýyşda ýaşamaklyga ýeterlikdi, şeýlede olar şul çäkde saklanmadylar. Sebäbi olaryñ şol (ýurt) acyşlary dünýe maly üçin dälde, tersine Allahyñ dinine çagyryşdy. Bul zada uly, açyk delil, olar (musulmanlar) ilkilik bilen yslamy hödürlärdiler, kabul eden ýagdaýlarynda olara musulmana näme ýagşylyk edilýän bolsa, olarada edilmelidi. Bul teklibi kabul etmedik ýagdaynda olara öz mukdarda jizýe (paç) tölemeklik teklip edilýärdi. Yslam döwleti tarapyndan goralmaklary üçin, berjek paçlary Musulmanlaryñ ýylda berýän zekatlaryndan köp esse az mukdarda bolan. Bul tekliwem kabul etmedik ýagdaýlarynda, Uruş edilýärdi, sebäbi olaryñ içinde Yslamyñ beýik esasy maksatlaryna düşinse we bilse yslama girjek bolany we yslamyñ dagwatyñ öñünde bilmeýänlere ýetirmekligine böwet bolany üçin.
Yslam (ýurt) açyşlarynyñ serekerde başy bolan Holid bin Alwelid bir söweşde ýeñilmedik haçanda ýogalanda düşek, gylyç we gulamdan başga zady bolmadyk. Nirden şul zatlardan soñ dünye tamasy üçin diýilip boljak!!!
Ýenede ilkinji Mujähidleriñ maksady dini ýaýratmaklyk bolanlygy Şeddäd ibn El-hädiniñ (Allah ondan razy bolsyn) Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) rowaýat eden hadysy şaýat bolýar.
Ýenede ilkinji Mujähidleriñ maksady dini ýaýratmaklyk bolanlygy Şeddäd ibn El-hädiniñ (Allah ondan razy bolsyn) Pygamberimizden (sallallahu aleýhi wesellem) rowaýat eden hadysy şaýat bolýar. «Gumly (çölde ýaşaýan) adam Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ýanyna gelip iman etdi, soñra: Seniñ bilen hijret edýärin diýdi. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) käbir sahabalaryna oña göz gulak bolmagy buýurdy (tawşyrdy). Soñra gazwa (urşy)boldy ondan düşen oljalary Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) sahabalarynyñ arasynda paýlady. Ýañky gumly sahaba bereninde: «Näme bul?» diýip sorady. Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) «seniñ üçin böldüm»diýdi, ýañky «bul zat üçin saña beýgat bermedim, ýöne welin şutaýdan (eli bilen bokurdagyny görkezip) ok geçip ölüp, jennete girmegim uçin yzyña düşdüm» diýýär. Pygamberimiziniñ (sallallahu aleýhi wesellem) «egerde Allaha dogruçyl bolsan, Allahda seniñ bilen dogruçyl bolar»diýýär. Az kem oturanlaryndan soñ duşmana garşy söweşmäge başladylar. Söweşiñ soñunda ýañkyny göterip Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ýanyna getirýärler, şol görkezen ýerinden ok geçiligi halda, pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) «şul hälkimi?» howa şol diýdiler, soñra ony Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) eşigi bilen kepenlediler, pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) jynaza okady we şeýle doga etdi:» Allah, bul seniñ guluñ, seniñ ýoluñda hijret etdi we şehit edilip öldürildi we menem şeýle bolanyna şaýat diýdi»
 (An-Nisaiý rowaýat eden)
Yslam taryhy bular ýaly bolup geçen wakalar köp ýazyldy, ilkinji Musulmanlar bu dünýä malyndan ýüz öwürendikleri we olaryñ maksatlary Allahyñ dinine çagyryş etmek we hemme adamlara ýetirmekdi, pygamberiñ (sallallahu aleýhi wesellem) beren wadasyna ýetmekligi umyt etmekdi.
«Allah seniñ üstiñ bilen bir adamyny hidäýet etmegi (dogry ýola getirmegi) saña gyzyl dünýädenem (Araplar şul sözi dünýäniñ iñ gymmat şady manysynda ulanalar) gowydyr.
 Ylalaşylan hadys.
Ýenede olaryñ köpüsi Yslama girendikleri üçin mallarny, wezipelerini we soltanlyklaryny ýitirdiler, golaýlarynyñ ýüz öwürmegi ýada bar pikirni Yslam dagwatyna bermegi bilen ýitirdiler.
Ýenede bul zadam El -Nugman bin Mukrin söweşe başlamazyndan öñ diýen zady:
«Eý Allah! Diniñi güýçlendir, gullaryña ýeñiş ber, El-Nugmany (özüni) şul güniñ ilkinji şehidi et, Eý Allah! senden gözelerimi Yslamyñ ýeñiş gazanyp güýç kuwata eýe bolmagy bilen begendirmegiñi dileýärin (goşunyna ýüzlenip) Ämin diýiñ Allah size merhemet etsin»dìýdi.
Şul zatda dünýa talap etmeklik görýäñmi?!
Ýenede wawilýonyñ galasy Amir bin El-A sa elden gidiren El-Mukowkysyñ ilçileriniñ diýen sözlerini okalyñ:
«Şeýle bir kowum (musulmanlar) gördük, ölmeklik ýaşamakdan has gowy we pes-pälli bolmak bolsa, uly wezipelikden has gowy olar üçin, olaryñ hiç birinde dünýä bolan söýgi bolmadyk, emirler (baş tutanlar) olaryñ birisi ýaly, ulusy kiçiden tapawutlandyrar ýaly däl we seýýidlerni guldan tapawulandyrar ýaly däl»

Tomas Karlyl öz kitabynda Yslam güýç we gylyç bilen ýaýrady diýilýän gürrüñi şeýle gaýtawul ýazan:
Olar:«Yslam gylyç bolmadyk bolsa ýaýramardy» diýýärler, Ýöne näme zat gylyjy orta getirdi?
Ol Yslamyñ güýji, gylyjy orta getirdi, onuñ hak din bolany üçin. Ýada gormediñizmi Hristianlaryñam gylyçdan ýüz öwürmediklerini! Şarlonyñ käbir kabyla bilen eden işi ýetirlik».


YSLAM ESASY GATY WE GÖDEK LIGE GARAÝŞY

Yslam dini gatylygy we gödekligi taşlamaklyga iterýär rähmet (merhemet) we ýumşak we Pygamberimizi (sallallahu aleýhi wesellem) görelde tutmaklyga çagyrýan Din.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) barada Allah tagala:
(Eý, Muhammet!) Sen Alladan gelen rahmet bilen olara (söweşde dagap, soň daşyňda jem bolan musulmanlara) mylaýym bolduň. Eger sen gödek, doňýürek bolsadyň, elbetde, (musulmanlar) seniňdaşyňdan dagap giderdiler.
 (Äli-Ymran 159)
Yslam her bir özünden pese merhemetli ýumşak we duýgudaş bolmaklygy öwredýändir.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Merhemet (Rãhmet) edýänleri, Rahman (Allah) rähmet eder, ýerdakilere merhemet (rähmet) ediñ, Asmandaky size merhemt (rähmet) eder»
 Sahyh Aj-jämig 3522, As-sahyha 925.
Yslam eýesi beldi bolmadyk haýwanlara deñeç merhemet etmeklige çagyran, şol sebäbden biriñ bagyşlananyny we jennete salynanyny Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) habar berýär:
«Biri ýoldan ýöräp barýaka gaty suwsady, bir guýy tapip içine girip suw içdi, soñra ýokaryķ çykanynda bir güjügiñ suwsuzlygyndan gum ýalaýanyny görüp:» Meniñ suwsaýşym ýaly bulam suwsapdyr»: diýip, guýa täzeden içine girip, aýak gabyny suwdan doldyrdy, agzy bilen aýak gabyny dişi bilen saklap ýokaryķ çykdy we güjügi suwa ýakdy. Allah ony (adamy) öwdi we günälerini bagyşlady»
Ylalaşylan hadys.
Ýenede bir aýalyñ haýwana ezýet bereni we merhemet etmedigi sebäpli Allah gazabyna duçar boldy we oda (dowzaha) saldy.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Bir Aýal ölýänçä pişigi nahara, suwa ýakman kapaza saklany sebäpli oda dowzaha) girdi, ne oña seretdi, nede ony göýberdi naharlanmak üçin»
 Ylalaşylan hadys.
Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) köp ýerde haýwanlar bilen ýumsak bolmaklygy ündeýşi diýseñ köp. Şundan soñra hemme ýaradylanlardan gowy, ýokary görülýän ynsanyñ yslamda derejesi nähilidir öýtýäñiz?!!


YSLAMYÑ SÖWEŞ NYZAMY WE ADALATY SÖÝÜP, ZULUMY ÝIGRENIJI

Söweşmek musulmanlary uly isleg döredip şondan başga zat gözlerine görünmeýãn zat hem bolmaly. Bu musulmanlar dürli görnüşdäki ylymda öñe gitmekleri aýdyñ mysal bolup biler. Beýle diýmek bilen söweş enjamlary, oña taýýarlanmagy we söweş tilsimleri öwrenip ösmekligi hem ýazgarmady. Sebäbi duşmanyñ çozuşlaryna we zulumlaryna gerek ýerinde garşy durmaklyk we ýer ýüzünde bozgakçylyk ýaýratmagyñ öñüni almak üçin taýynlyk.
Alla tagala aýtdy:
Olara (duşmanlara) garşy ýagdaýyňyz ýetdiginden güýç we söweş atlaryny taýýarlaň! (Onuň bilen)    Allanyň duşmanlaryny‚ siziň duşmanlaryňyzy we olaryň aňyrsynda siziň bilmeýän‚ diňe Allanyň bilýän başga duşmanlaryňyzy- da gorka salarsyňyz.
[Enfäl 60]
Güýç ýaraglar bilen ýaraglanmak zulum etjekleri gorkuzmaklyk üçin. Beýtmeklik bilen adam öldürmeklikden lezzetlenmek aman halka duşmançylyk etmek, adamlary agyrsyny görüp begenmeklik diýip düşünmeli däl.
Yslam dini alan ýesirlerine deñeç bejergi bermeli, hallaryna ynanmak we suwa ýakmaklyk ýaly zatlar bilen tapawutlanýar. Sebäbi Yslamda söweş etmegiñ maksady öldürmek bolman, eýsem bolýan zulumyñ öñüni almak, köpçülige amanlygy we adalaty ýaýratmak üçin edilýär.
 Yslam hiç bir başga çykalga galmadyk ýagdaýynda diñe şul bäş zatlar üçin söweş etmeklige iterýär.
1. Özüñi we ähliñi we ýurdyñy goramaklyk üçin.
Alla tagala aýtdy:
Size (garşy) söweşenler bilen siz hem Alla    ýolunda söweşiň! (Emma) hetden aşmaň! Takyk, Alla hetden aşanlary halamaz!    
 (Bakara 190)
2. Zulum edilýänlerden zulumy aýyrmak üçin.
Alla tagala aýtdy:
(Eýsem) size näme boldy? Siz (näme üçin)    Alla ýolunda: «Eý, Perwerdigärimiz! Bizi halky zalym bolan    bu şäherden çykar. Bize Öz tarapyňdan hossar iber, Öz ýanyňdan bir medetkär ugrat!» diýip, ýalbarýan bir topar biçäre erkekleri, aýallary     we çagalary (goramak) üçin (duşmanlara garşy) söweşmeýärsiňiz?
 (Sura Nisa 75)
3. Döwlet ara Ylalaşylan şertnamany pozmak wadalarda durmazlyk.
Alla tagala aýtdy:
Eger ylalaşykdan soň    kasamlaryny     bozsalar‚ şeýle hem diniňize hüjüm etseler‚ onda bu (niýetlerinden) dänmeleri üçin kapyr kowumyň baştutanlary bilen söweşiň! Çünki olar kasamlaryna (we ähti-peýmanlaryna) wepaly däldirler. Ähti-peýmanlaryny we kasamlaryny bozup‚ pygamberi ýurdundan sürgün etmek üçin hereket eden    birkowum bilen söweşmekçi dälmisiňiz? Aslynda, söweşi    ilki olaryň özleri başladylar! Siz olardan gorkýarsyňyzmy? Eger mömin bolsaňyz‚    Alladan gorkmagyňyz has dogrusydyr.
(Toba 12/ 13).
 4. Musulman jemgyýetini bölýän we garşy çykan zulum edýän topara garşy edep bermeklik üçin.
Alla tagala aýtdy:
Eger möminlerden iki topar biri-birleri bilen söweşse, bes, siz olaryň arasyny düzediň! Eger olaryň biri beýlekisine hüjüm etse, ol hüjüm edenler bilen, tä Allanyň emrine dönýänçäler, siz hem söweşiň! Eger (Allanyň emrine) dönseler, olaryň arasyny adalat bilen     düzediň! Adalatly boluň! Takyk, Alla adalatly bolanlary söýýändir.
(Hujurat 9)
5. Dini goramak üçin, Dini peseltmek isleýänleriñ etmişine garşy, adamlara Allahyñ dinini ýetirilmeginiñ öñüne böwet bolýanlara garşy, iman edenlere azap berýänlere garşy we Yslamy kabul etjege garşy duryana garşy, sebäbi her kimiñ hakynda Yslamda bolan adalaty bilmek we öwrenmek şondan soñ islese yslamy kabul etmek.
 
Alla tagala aýtdy:
“Gedemlik edip‚ il gözüne görünjek     bolup‚ ynsanlary Alla ýolundan daşlaşdyrmak niýeti bilen (Bedr söweşi güni) ýurtlaryndan (Mekgeden) çykan kapyrlar ýaly bolmaň!”
 (Enfäl 47)
Emma ýeri giñeltmek, başga halkyñ üstünden höküm sürmek ýada yzy erwet heläkçilige eltýän ar almak üçin ýarmak ýumurmak ýaly söweşleri Yslam gadagan etdi. Sebäbi Yslamda söweş Allahyñ sözi beýik bolmagy üçin edilýär, bir adamyñ haý-höwesi we dünýä bolan temasy üçin edilmeýär.

 

YSLAMDA SÖWEŞ ETMEGIÑ KADASY

Yslam zerur ýagdaýda söweşmeklige rugsat berenem bolsa, oña kada-kanun goýdy.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtýar:
«Allahyñ ýolunda, Allahyñ ady bilen söweşiñ, Allaha kapyr bolanlary bilen söweşiň, ýöne öte geçmäñ, wadañyzy pozmañ, ölenleriñ gulak -burunlary kesmeklik ýaly işler etmäñ we çaga öldürmäñ diýdi»
Muslim rowaýat edýar.
Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) ilkinji halyfasy Ebu Bekr Es-syddyk (Allah ondan razy bolsyn)
Serkerde başysyny söweşe iberjek bolanda şeýle diýdi:
«Duruñ menden size nesihat bolsun, şolary ýat tutuñ, hyýanat etmañ, öte geçmäñ, wadañyzy pozmañ, ölenleriñ gulak – burunlaryny kesmeklik ýaly işlerden daşda duruñ, çaga öldürmäñ, garryny we aýaly öldürmäñ, hurma agajyny ýakmañ we çapmañ, miwe agajyny bölmäñ, goýun, sygyr we düýe iýjegiñizden başga soýmañ, käbir ilden çete çykyp ýaşaýanlara gabat gelersiñiz olary öz işleri bilen goýun olara degmäñ.


YSLAMDA YESIRLERIÑ HALY.
Ýesirlere azap bermek, kemsitmek (kiçeltmek), gorkuzmak, agyzlaryna öýkünmek we ölýänça zyndanda nahar suwsyz saklamak bolmaýar (dogry däl) .
Alla tagala aýtdy:
Özleriniň söýen (zatlaryndan), Allanyñ razylygyny gazanmak üçin garyp-gasara,     ýetim-ýesire tagam    bererdiler. Olar: «Biz size diňe Allanyň razylygy üçin iýdirýäris. Sizden munuň garşylygyny (öwezini) islemeýşimiz    ýaly, minnetdarlyga hem garaşmaýarys.    
 (Ynsan 8-9)
Tersine olara hödür-kerem etmek, duýgudaş bolmak we yumşak bolmaklyk dogry.
Musab bin Umeýriñ dogany Ebu Azyz bin Umeýr aýdýar:
«Bedir söweşinde ýesirleriñ arasynda bolupdym, şonda Allahyñ Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) ýesirler bilen gowy gatnaşmaklygy buýurdy, menem Ansarlaryñ elindäki bir topara düşüpdim, haçanda olaryñ özleri hurmadan öýlänlik we agşamlyk edinenlerinde bizede Pygamberimiziñ (sallallahu aleýhi wesellem) sözi üçin arpadan (şol döwür iñ gowy) tagamdan iýdirdiler.
 Et-Toborony Mugjam Al-Kebir (18410), El-haýsemij isnady Mugjemul -Zewaid kitabynda hasan (gowy) diýdi. El-elbäri gowsak gördi. Zaiful -jamyg (832).
Allahyñ Resuly (sallallahu aleýhi wesellem) dañylygylary çözmelidigi barada şeýle diýdi:
«Ýesiri dañysyny çözüñ, ajy naharlañ we syrkawa serediñ».
 Sahyh Al- Buhary.
YSLAMDA ÝEÑILENLERIÑ HALY

Paýynç söz aýtmazlyk, mal- mulklerini almazlyk, derejelerini peseltmezlik, kemsitmezlik, diýarlaryny taşlap gaçar ýaly etmezlik we ar aljak bolmazlyk gaýtam tersine düzeltjek bolmak, ýagşy zada buýrup, ýaman zatdan gaýtarmak we adalaty dikeltmek.
 Alla tagala aýtdy:
 Olar özlerine    häkimiýet berenimizde namaz okan, zekat    beren we ýagşylygy ündäp, ýamanlygy gadagan eden adamlardyr. Işleriň netijesi (soňy) Alla degişlidir.
 (Haj 41).
Ýenede olara öz dinlerini tutmaklyga hiç bir basyş etmän, erkinlik bermek, Hram (hristiýanlaryñ ybadat edýän ýeri) ýykmazlyk we haçlaryny (krestlaryny) döwmezlik.
Bul zatlara iñ gowy we aýdyñ delil bolup Omar ibn El-Hattab (Allah ondan razy bolsyn) Makdisi (iýerusalim, şuwagtky Fylystyn)basyp alanda, onuñ halkyna şeýle diýdi «:Bismillähir rahmanyr rahym (Rahman we Rahym bolan Allahyñ ady bilen başlaýaryn) Muminleriñ emiri Omar ibn El-Hattabyñ ogly Abdullanyñ şu raýatlaryñ beren amanlygy olaryñ öz janlaryna, mal -mülklerine, Hramlaryna (ybadat edýän ýerlerine) we haçlaryna amanlyk berdi (arkaýynlyk, döwülmezden ellerinden almazdan) ýenede dinlerini mejburlyk bilen taşladylmaz we olaryñ hiç birine zyýan berilmez.
Taryh boýunça basyp alanlarda şular ýaly öz garşydaşyna adamkärçilikli, adalatly we geçirimli bolan görüldimi?!
Ýogsa öz islän kada-kanuny goýmaklygy hem başarardy, emma beýtmän adalatlyk bilen Allahyñ kanuny (dinini) hemmelere ýöretmage çalyşdy.
Ýenede olar öz dinleriniñ halal eden zatlaryny iýip -içmeklikde erkinlik, doñuzlary öldürilmeýär, araklary dökülmeýär we başgada aragatnaşyklaryny gadagan edilmeýär, öýlenmek bolsun aýryşmak bolsun we ýenede olara öz ynançlaryny ýerine ýetirmeklik rugsat beri


 YSLAM DÖWLETINDE MUSULMAN BOLMADYKLARYÑ ÝAGDAÝY:

Musulman bolmadyk Muahydy (musulman bolmadyk, musulmanlaryñ ýerinde ýaşaýanlyga rugsat alan) zulum edilmeýär, haklary kemeldilmeýär we erbetlik bilen iş salyşylmaýar.

Alla tagala aýtdy:
“Alla size garşy din üçin söweşmeýän, sizi ýurtlaryňyzdan çykarmaýanlara ýagşylyk etmegiňizi we adalatly bolmagyňyzy gadagan etmeýär. Takyk, Alla adyl bolanlary söýýändir”
 (Mumtehyne 8)
We pygamberlerine (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Kim Muahyda (musulman bolmadyk, musulmanlaryñ ýerinde ýaşaýanlyga rugsat alan) zulum etse, ýada kemsitse ýada başarjagyndan artyk zat ýüklese ýada beresi gelmedik zadyny alsa, kyýamat güni Men onuñ garşydaşy bolaryn»
 (Ebu Daud 445).
Gaýtam tersine gowy görnüşde olar bilen iş salyşmak, olara haýyr islemek, olara peýda berýãn zatlary islemek gerek .
Enes (Allah ondan razy bolsyn) rowaýat edýär:
«Ýahudy ýaş ýigit Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) hyzmat edýärdi, olam syrkawlady, şonda Allahyñ resuly sahabalara «Meni onuñ (ýigidiñ) öýüne alyp gidiñ, zyýarat edeliñ diýdi, pygambermizi (sallallahu aleýhi wesellem) alyp gitdiler. Yigidiñ kakasy baş ujunda otyrdy, pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) ol ýigide «Lä ilähe illallah (Allahdan başga ybadata hakly hiç hili iläh yok)diý, şonuñ sebäbi bilen kyýamatda saña şepagat edeýin «diydi, Ol ýigit kakasyna tarap kellesini öwürdi, kakasy:» Ebulkasymyñ (pygamberiñ sallallahu aleýhi wesellem) diýýän zadyny pikirlen»diýdi, şonda ol ýigit: «Şaýatlyk edýärin Allahdan başga ybadata hakly hiç hili ilähiñ ýokdygyna we Şaýatlyk edýärin Muhammedem Allahyñ ilçisidigine» diýmek bilen yslamy kabul etdi. Allahyñ Resuly: «Buny otdan halas eden Allaha hamdlar bolsun» diýdi.
 (Sohih ibn Habban)
    Ýenede Abdullah ibn Amyryñ maşgalasy üçin bir goýun soýuldy, haçanda öýüne geleninde: Ýehudy goñşymyza berdiñizmi (etden)!
    Ýehudy goñşymyza berdiñizmi (etden)!
    Allahyñ Resulynyñ (sallallahu aleýhi wesellem): «Jebrail (aleýhisselam) maña goñşy bilen gowy gatnaşmagy ündeýärdi, goñşa miras düşýänlerden edermika öýtdim» diýenini, eşitdim.
     (At-tirmizi)
    

YSLAM ESASY DOLY BOLAN ADYL SALAMATLYLYGYNY YKRAR EDÝÄR.
    
1.    Ynsan (adam) janyny beýgeltmeklige, sebäbi ol yslamda gymmat, eziz, ýeri we derejesi beýik. Şonuñ üçin yslamda kasas (gan hora berilýän jeza) goýuldy, bilip adam öldüreni ölüm jezasy bilen jezalandyrmak goýuldy. Ýalñyşlyk bilen öldüreniñ jesasy diýe(pul) tölemeli edildi. Olam belli bir mukdarda pul bolup öldüreniñ iñ golaý hossarlaryna berilýär. Bul diýe (pul) öldürileniñ bahasy bolman, onuñ hossarlaryna ýeten zyýanyñ öwezi höküminde berilýär we ol günäni keffaratam (ödemekligem, ýuwmaklygam) bir guly azat etmek, egerde başarmasa iki aý yzly -yzyna agyz beklemek, onam başarmasa altmyş miskini (garyby) doýurmak bilen bitýär. Şul keffaratam ybadat bolup, ony etmek bilen Allahdan bilmän eden günäsini bagyşlamagyny umyt edip, oña (Allaha) golaýlaşylýar. Bul zatlar adamyñ janyny goramakdan başga zat bolman galýar. Ýenede her biriniñ ýaşaýşyna erbet çemeleşilmezligi üçin, erbet zalym newisleri şeýdip gorkuzmak bilen adam öldürmeginiñ öñüni alynýar. Sebäbi kim birini öldürse, özüniñem öldüriljegini bilse ondan elini çeker. Eger Ganhoryñ jezasy ölüm bolmasa öz işinden elini çekmez. Şundan soñra Yslamda goyulan her bir çägi (şu dünýäde berilýän jezany) şuña görä ölçede gör. Bul zatlar diñe ynsanyñ haklaryny goramakdan başga zat üçin goýulmady.
Alla tagala aýtdy:
“Eý, akyl eýeleri! Kasasyň (ýöredilmeginde)    siziň üçin (asuda) ýaşaýyş bardyr! Bu siziň (kasasdan) gorkmagyňyz (we beýle işlere baş goşmazlygyňyz) üçindir”
 (Bakara 179)
Ýenede Yslam bilip (adam) öldüreni bul dünýäde jeza bermek bilen çäklenmän, oña ahyrýet Allahyñ gazaby we azabynyñ bardygyny aýtdy:
Alla tagala aýtdy:
“Kim bilkastlaýyn bir    mömini öldürse, onuň jezasy içinde ebedi galjak (ýeri bolan) dowzahdyr. Alla oňa    gazap edip, ony näletländir we onuň üçin    uly azap taýýarlandyr”
 (Nisa 93)

2.    Yslam dini Ynsanlaryñ aýal -erkegi bir düýpden gaýdýanyny aýdýar.
Alla tagala aýtdy:
“Eý, ynsanlar! Sizi ýeke-täk bir jandan    (Adam atadan) ýaradan, ondan hem aýalyny (How eneden) ýaradyp, ol ikisinden bolsa, ençeme erkekleri    we aýallary köpelden Perwerdigäriňize garşy çykmakdan saklanyň! Onuň (Allanyň ady) bilen biri-biriňizden bir soran wagtyňyz, Alla (hormat goýmazlykdan) we    öz araňyzdaky     garyndaşlyk gatnaşyklaryny (saklamazlykdan) gorkuň! Takyk, Alla siziň    üstüňizden gözegçilik edip durandyr”
 (Nisa 1)
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Ynsanlar Adam atanyñ çagalary we Adam atada gumdan ýaradylan»
 (Ahmed rowaýat eden)
Şul sebäbden Yslam Ynsanlara bir göz bilen garaýar we deñ erkinlik berýär.
Buña on dört asyr mundan ozal Omar ibn El-Hattabyñ (Allah ondan razy bolsyn) aýdan sözi aýdyñ delil bolup durýar:
«Haçan ynsanlary gul etdiñiz! Ejeleri olary erkin edip dogurypdyrlar».
 (Siratomar libnil- jewzi-/ibn Abdyl Hakam: Futuh Misr).

3.    Din esaslaryñ birligi. Adam atadan pygamberleriñ soñkysyna deñeç, asmandan inen dinleriñ hemmesi Allahdan, pygamberleriñ hemmesiniñ dinleri töwhid, Allahy ybadatda birlemek onuñ goýuşy ýaly.
Alla tagala aýtdy:
“Biziň: «Dini dogry saklaň we    topar- topar bolup bölünişmäň!» diýip, Nuha ündew eden zadymyzy, saňa wahyý eden zatlarymyzy, Ybraýyma, Musa we    Isa ündänlerimizi Alla size din (hökmünde) berdi. (Emma) olara (öwüt edip) çagyran zadyň (Yslam dini)    Alla şärik goşanlara agyr düşdi. Alla islänini (pygamber edip) saýlar we    özüne    tarap ýönelýäni dogry ýola gönükdirer”
 (Şura 13)
Alla tagala aýtdy:
“Takyk,    Biz, Nuha we    ondan    soňky pygamberlere wahyý edişimiz ýaly, saňa-da wahyý etdik. Ybraýyma, Ysmaýyla, Yshaka, Ýakuba we     neberesine, Isa, Eýýuba, Ýunusa, Harun we Süleýmana (hem) wahyý inderdik.    Dawuda hem     Zebury berdik. Saňa (kyssalaryny)    öň aýdyp     beren ençeme ilçilerimizi, (şeýle hem) saňa (kyssalaryny) öň aýdyp bermedik ençeme ilçilerimizi (iberdik).    Alla Musa bilen sözleşip gepleşdi. Ilçiler    (gelip, dogry ýol äşgär edilenden) soň, ynsanlarda Alla garşy (öňe sürüp biljek hiç bir) bahanalary bolmazlygy üçin, (Biz ol) ilçileri (rahmetimizi)     buşlaýjylar we (gazabymyzy) duýduryjylar edip (iberdik). Alla Gudraty güýçlüdir‚ hikmet eýesidir”    
 (Nisa 163-164-165)
Milletparaz we ýigrenç…………. Dawa edýän toparlaryñ soñuna çykmaklyk ýoly özüne ýol edinen. Şonuñ üçin pygamberlere we öñki asmandan indirilen kitaplara (üýtgedilmedik asyl kitaplarara) ynanmaklyk Allahyñ sözi üçin imany esasy rüküninden etdi.
Alla Alla tagala aýtdy:
(Eý, möminler!) Olara: «Biz Alla we bize inderilene, Ybraýyma,     Ysmaýyla, Yshaga, Ýakuba we onuň neberesine inderilene, Musa we Isa berlene, özleriniň Perwerdigäri tarapyndan(beýleki) pygamberlere     berlenlere iman getirdik. Biz olaryň hiç haýsyny aýra. Biz Oňa (Alla) tabyn bolduk!» diýiň”    
 (Al-Bakara 136)
Kuran Musa (aleýhisselam) Allah bilen gürleşen we abraýly oña (Allaha) golaý diýen göz bilen seredýär.

Alla tagala aýtdy:
“Eý, iman getirenler!    Siz Musa ezýet edenler ýaly    bolmaň! Alla ony olaryň atýan şyltaklaryndan päkledi. Ol Allanyň nazarynda örän abraýly (pygamberdir). Musa (aleýhisselam) indirilen asyl Towrat (asly üýtgedilmedigi) dogry ýol we nur diýen göz bilen goraýar”
 (Ahzab 69)
Alla tagala aýtdy:
“Takyk, Biz içinde dogry ýol (görkezýän aýatlar) we    nur bolan Töwraty inderdik.    (Alla) boýun bolan pygamberler ýahudylara onuň (Töwrat) bilen höküm berýärdiler. Allanyň kitabyny goramak (wezipesi) berlendigi üçin özleriniň Perwerdigärine (boýun bolan) rabbanylar (takwalar) we alymlar hem (onuň bilen höküm berýärdiler). Olaryň (hemmesi)    onuň (Töwratyň hak kitapdygyna) şaýatdylar. (Eý, ýahudy alymlary!) Ynsanlardan gorkmaň, Menden gorkuň we Meniň aýatlarymy sähelçe baha (bähbide)    satmaň! Kim Allanyň inderen (hökümleri) bilen höküm bermese, ine,    olar hut kapyrlaryň özleridir”
 (Mäide 44)
Musanyñ ymmaty Israil ogullarny şol döwürde hemmeden üstün gören.
Alla tagala aýtdy:
“Siz Meniň size    beren    nygmatlarymy we sizi (Musanyň döwründe) bütin äleme üstün    eden (wagtlarymy)    ýatlaň!”
 (Al-Bakara 122)
Ýenede Kerim bolan Isa (aleyhissalam) Allah öz sözi (bol diýmek emri bilen) Merýemi (aleyhissalam)bir kelime (sözi) bilen buşlan.
Alla tagala aýtdy:
“Perişdeler (oňa): «Eý, Merýem! Alla saňa ady Merýem ogly Isa Mesih bolan, bu dünýäde-de, ahyretde-de mertebesi beýik, (Allanyň iň) ýakyn (bendelerinden) bolan Özünden bolan bir     keleme (söz) bilen buşlaýar. Ol sallançakda-da,    kemala gelende-de, ynsanlar bilen gepleşer we salyhlardan bolar» diýdiler”
 (Äli-Ymran 45-46)
Yslam Ejesi Merýeme dogruçyl zenan diýen göz bilen seredýär.
Alla tagala aýtdy:
“Merýem ogly (Isa) Mesih diňe bir pygamberdir. Ondan öň (hem) ençeme pygamberler (gelip) geçendir. Onuň ejesi     hem (imanynda we sözünde) dogruçyl (aýaldyr). Olaryň ikisi-de (beýleki ynsanlar ýaly) tagam    iýýärdiler. Olara (ynançlarynyň ýalňyşdygyny subut edýän) aýatlarymyzy (delillerimizi) nähili beýan edýändigimize seret, soň (bolsa) olaryň (delillerimizden nähili) ýüz öwürýändiklerini hem gör”
 (Mäide 75)
Ýenede Kuran, Towrada (üýtgedilmezinden öñ) garaýşy ýaly, Injilede (üýtgedilmezinden öñ) dogry ýol we nur diýen garaýyşda.
 Alla tagala aýtdy:
“Biz olaryň (pygamberleriň) yzyndan Merýem ogly Isany özünden öňki Töwraty    tassyklaýjy edip iberdik. Biz oňa (Isa)    özünden öňki Töwraty tassyklaýjy, takwalara dogry ýol we öwüt-nesihat     edip içinde dogry ýol we nur    bolan Injili berdik”    
 (Mäide 46)
Yslam Isanyñ (aleýhisselam) yzyny eýeren muminlere mähirli we merhemetli ummat diýen göz bilen garaýar.
Ala tagala aýtdy:
“Soň bularyň yzyndan    birnäçe pygamberlerimizi iberdik. Merýem     ogly Isany hem olaryň yzlaryndan iberdik. Oňa Injili     berdik we oňa uýanlaryň kalplarynda mähir we merhemet     (duýgularyny) ýerleşdirdik. Toslan ruhbanlyklaryny bolsa,    olara Biz emir etmedik (öwretmedik). Emma    muny Allanyň razylygyny gözlemek üçin olaryň    özleri oýlap tapdylar (niýetleri     Alla razylygy bolsa-da, dinde    ýok zady tosladylar). Özleri-de ony    doly berjaý hem etmediler. Biz (hem) olardan iman getirenlere sylaglaryny berdik. Olaryň köpüsi dogry (ýoldan çykan) pasyklardyr.”
 (Hadid 27)
Her bir musulmana hemme pygamberlere we resullara iman etmegi (wajyp bolýar) we hemme wahy edilen Kitaba ynanmagy wajyp bolýar.
Alla tagala aýtdy:
“Allany we Onuň ilçilerini inkär edenler (ynanç babatda) Alla bilen pygamberleriniň arasyny aýyrmak isläp:     «Biz käbirine iman getirýäris, käbirini inkär edýäris» diýenlerdir    we bularyň (iman bilen küpüriň) arasynda bir ýol tutmak isleýänlerdir. Ine, olar hakyky kapyrlaryň    hut     özleridir. Biz kapyrlara ryswa ediji azap taýýarlap goýandyrys!”
 (Nisa 150-151).
Ýenede öñki pygamberlere inen (üýtgedilmedik) dinleri eýerenleri hem sylamaklyk, hormatlamak hokman bolup durýar.
Alla tagala aýtdy:
“Eý, Perwerdigärimiz! Biziň we bizden öňki iman bilen öten doganlarymyzyñ günälerini bagyşla!”
 (Haşr 10)
Pygamberleriñ soñkysy bolan Resulyñ (Muhammediñ) iberilmegi bilen asmandan wahy kesilen.
Alla tagala aýtdy:
“Muhammet siziň araňyzdaky     erkekleriň hiç    haýsynyň atasy däldir. Ol Allanyň ilçisidir we iň soňky pygamberdir. Alla ähli zady bilýändir”
 (Ahzab 40)
Pygamberiñ (sallallahu aleýhi wesellem) inen Din öñde, özünden öñki dinleriñ hökümimni ýatyrmak bilen diñe özüne amal etmegi talap etdi. Özünden öñkileriñ hökümini ýatyrdy diýildigi ol dinleri ýalan gördi diýip düşünilmän eýsem olara amal etmezlik bilen olaryñ (üýtgedilmezinden öñ) dogry bolandygyna iman etmek.
Alla Alla tagala aýtdy:
“Kim yslamdan    başga    din gözlese, (bilip goýsun), ondan (başga din) hiç haçan kabul edilmez we ol ahyretde hem zyýana galanlardan bolar.”
 (Äli-Ymran 85)
Yslam dini başga dinlere eýerýänlerden, musulmanlaryñ hemme Pygamberlere we asmandan indirilen Kitaplara iman getirişleri yalak iman etmeklerini talap edýär.
Alla tagala aýtdy:
“Eger olar hem siziň Oňa (Alla) iman getirişiňiz ýaly iman getirseler, onda dogry ýoly taparlar. Eger ýüz öwürseler, takyk, onda olar düşünişmezlige duçar bolarlar. Olara garşy saňa Alla ýeter. Ol (ähli zady) eşidýändir, bilýändir”
(Al-Bakara 137)
 Ýenede Yslam dini bölünşik ýagdaýynda her bir kejirden päklenýär.
Alla tagala aýtdy:
“Dinlerini (ýoýup), dürli toparlara (akymlara) bölünenler bilen seniň hiç hili zadyň (baglanyşygyň) ýokdur. Olara     (jeza bermek işi Alla (galandyr). Soň Ol (Alla) olaryň eden işlerini özlerine doly     habar berer. Kim (Allanyň ýanyna) haýyr iş     bilen gelse‚ oňa (eden işiniň) on essesi bardyr. Kim erbetlik bilen gelse‚ diňe     eden erbetligine barabar jeza görer. Olara (hiç hili) nähaklyk edilmez. (Eý, Muhammet!)    Aýt: «Takyk, meniň Perwerdigärim meni dogry ýola, hanyf bolan (haka ýönelen) Ybraýymyň milletine (dinine)    ýetirdi. Ol (Ybraýym) Alla şärik goşanlardan (hiç haçan) bolmandy”.    
 (Engam 159-161)
Ýenede Yslam dini başga dinlere eýerenlere oturyp düşünşmeklige, öz aralarynda dogry bolan bir sözüñ daşynda birleşmekleriñ we Ynsanýete Allahyñ buýran iñ gowy bolan ahlagyna çagyrýar.
Alla tagala aýtdy:
“(Eý, Muhammet!) Aýt: «Eý, ähli- kitap! Geliň, biziň siziň bilen araňyzda deň (manyda) bolan (şu) sözi (kabul edeliň): «Alladan başgasyna ybadat etmäliň. Oňa hiçzady şärik goşmalyň, Alladan başga (käbir ynsanlaryň toslan zatlaryny kabul edip), biri-birlerimizi perwerdigärler     edinmäliň (hudaýlaşdyrmalyň)». Eger (olar    ýene-de) ýüz    öwürseler: «(Eý, kapyrlar!)    Biziň musulmandygymyza şaýat boluň!» diýiň.”
 (Äli-Ymran 64)
Ýenede Yslam öz garşydaşlarynyñ duýgularyna hormat goýmak, Din baradaky ynançlaryna söwüp dil ýetirilmezligi buýurýar.
Alla tagala aýtdy:
“Siz olaryň Alladan başga ybadat edýän hudaýlaryna sögmäň (dil ýetirmäň)! Ýogsa olar    hem nadanlyk edip‚ hetden aşyp,    Alla sögerler (dil ýetirerler). Biz şeýdip, her     ymmata öz eden işlerini ýagşy görkezdik. Soň olaryň    gaýdyp    barjak    ýerleri özleriniň Perwerdigärine bolar. Ol hem olaryň eden işlerini özlerine (doly) habar berer.”
 (Engam108)
Ýenede Yslam özüni eýerýänler (musulmanlara) garşydaşlary bilen gowy halda çekeleşmegi we delilleşmegi talap edýär.
Alla tagala aýtdy:
“(Eý, möminler!) Siz özlerine mukaddes kitap berlenleriň arasyndan zalymlardan galanlary bilen diňe gözel usulda çekeleşiň, pikir alşyň! Şeýle hem     olara: «Biz özümize inderilen (Kurana),     size inderilen (Töwrata we Injile) hem iman getirdik. Biziň    Ilähimiz bilen siziň Ilähiñiz birdir we biz diňe Şoňa boýun egýändiris» diýip aýdyň.”    
 (Ankebut 46)
Alla Alla tagala aýtdy:
“(Eý, Muhammet! Sen olary) Perwerdigäriň ýoluna hikmet bilen, gözel pent (nesihat) bilen çagyr. Olar bilen iň gözel tärde çekişme alyp bar! Takyk, seniň Perwerdigäriň (Özüniň) ýolundan azaşankişini-de örän gowy bilýändir, dogry ýolda bolan kişini-de örän    gowy bilýändir”
 (Nahl 125)
Ynsanlary mejburlyk bilen Yslama salmak, öñki belläp geçişimiz ýaly Yslamyñ ýol ýörelgesinde däl.
Alla tagala aýtdy:
“Dinde (hiç bir)    mejburlyk ýokdur. Dogrulyk    egrilikden (aýdyň) tapawulandyrylandyr.”
 (Al-Bakara 256)
Sebäbi Yslamy ýol ýörelgesi, musulman dällere, güýç ulanman, mejbur etman Yslamy hödürlemek. Bul ýaly bomagynyñ sebäbem Yslam dine görkeziji, dogryny salgy beriji, emma dogry zada (Yslama) salýan Ýeke täk Allahdyr.
Alla tagala aýtdy:
“(Eý, Muhammet!) Aýt: «(Bu Kuran) Perwerdigäriňizden (gelen) hakykatdyr. Islän kişi iman getirsin, islän    kişi inkär etsin! Takyk, Biz zalymlar    üçin (daş- töweregi)    diwarlar bilen gurşalan ody (dowzahy) taýýarladyk.    Eger olar (dowzahda suw içmek üçin) haýyş etseler, olara ýüzlerini erän    magdan ýaly gowrup barýan suw bilen (ýardam) berler.    Gör, (ol) nähili     erbet içgidirwe (ol) nähili    erbet söýeniljek ýerdir.”
 (Al-Kahf 29)
Yslam her bir zatda, adalatly hatda öz garşydaşy bilenem.
Alla tagala aýtdy:
“…..we maňa    siziň araňyzda adalaty ýola    goýmak emir     edildi. Biziň Perwerdigärimiz bolan     Alla siziň hem Perwerdigäriňizdir. Biziň amallarymyz özümiz üçin, siziň amallaryňyz    hem özüňiz üçindir. Biziň     aramyzda (hakykat äşgär bolandan    soň) jedelleşilip (anygyna ýetiljek) hiç-hili     mesele ýokdur. Alla hemmämizi bir ýere jemlär.    (Hemmeler) Oňa dolanyp bararlar”.
 (Şura 15)
4.    Yslam jemgyýete haýyr, peýda berýän gowy, ýagşy işleri etmekligi, biri -birleri bilen ýardamçy bolmaga iterýär.
Alla tagala aýtdy:
“Siz    ýagşylykda we     takwaçykykda biri- biriňiz bilen arkalaşyň! Günä işlerde we duşmançylykda biri-biriňize ýardam bermäň! Alladan gorkuň! Takyk, Allanyň azaby örän ýowuzdyr.”    
 (Mäide 2)
Enes ibn Mälik (Allah ondan razy bolsyn) Resulallahyñ (sallallahu aleÿhi wesellem) aýdanyny rowaýat edýär:
«Allaha iñ söýgüli gul, öz ähline peýdasynyñ köp bolany »
 Sahyh -jamyg 172/ Ebu ýagla 3315/Et-tabary 100333.

Şul zady ýerine ýetirmek üçin köp zatlary orta oklady. Biri-birleri bilen tanyşmaklyga we töwhidiñ üstünde (üýtgedilmedik) kitaplary we pygamberleri kabul etmeklige iterdi.
Alla Alla tagala aýtdy:
 “Eý, ynsanlar!    Biz sizi    bir erkekden we bir aýaldan ýaratdyk. Biri-birleriňizi tanamagyňyz üçin sizi milletlere we tire- taýpalara böldük. Siziň Allanyň ýanynda iň hormatlyňyz has takwa bolanyňyzdyr”.
 (Hujurat 13)
 Yslam Hemmelere ýagşylygy söýmäge iterdi:
Resulullahyñ (sallallahu aleÿhi wesellem) aýdanyny Ebu Hureýra (Allah ondan razy bolsyn) habar berýär:
«Kim menden şul sözleri alyp, oña amal eder ýada oña amal etjege öwreder?»
Ebu Hureýra: «Men Eý Allahyñ Resuly « diýdim.
Elimden tutup bäş zady sanady:
«Haram zatlardan gork, adamlaryñ iñ ybadathony bolarsyñ, Allahyñ saña (ryzk edip) beren zadyna razy bol, adamlaryñ iñ baýy bolarsyñ, goñşyñ bilen gowy gatnaşykda bol, mumin (derejede) bolarsyñ, özüne söýen (halan) zadyñy adamlarada söý, musulman bolarsyñ, gülkiñi (köp gülme), köp gülmeklik ýüregi öldürer»
 Tirmizi rowaýat eden.
Yslam Hemmelere ýagşy nesihat etmeklige iterýär.
Allahyñ Resuly (sallallahualeýhi wesellem) aýtdy:
«Din nesihatdyr» kime nesihat? Eý Allahyñ Resuly! Aýtdy: Allaha (çagyrmak) kitabyny (öwretmek), Resulyna (çagyrmak), musulmanlaryñ baştutanyna (çagyrmak, olara doga etmeklige, din beklige boýun bolmaga, gowyzatlarda oña kömekçi bolmaga) we musulmanlaryñ hemmesine nesihat etmek (dinleri öwretmek, Allaha çagyrmak, gowa çagyryp ýamandan gaýtarmak”
 Muslim rowaýat edýar.
Jemgyýetiñ Asudalykda bolmagy, zulumyñ we bozgaklygyñ ýaýramazlygy, hukuklaryñ iýilmezligi we tokaý kanuny (haýwan kanuny) ýöremezligi üçin ýagşylyga buýurmaklygy we ýamanlykdan alyp galmagy hemme ýoly we usuly bilen başaryldygyndan gaýrat etmegi hem ündeýär. Ýagşylyga buýurmak we ýamanlykdan gaýtarmak bilen ylymsyza öwredilýär, gapyly oýarylýar, erbedi düzedilýär we düzüwe (gowa) kömek edilýär.
Alla tagala aýtdy:
“(Eý, musulmanlar!) Siziň (araňyzdan) haýra    çagyrýan, ýagşylygy emir (wagyz-nesihat) edýän,     erbetliklerden gaýtarýan bir (alymlar) topary bolsun! Ine, olar halas bolanlaryň hut özleridir”.
 (Äli-Ymran 104)
Yslam Ylym talap etmäge we öwrenmäge iterýär.
Alla Alla tagala aýtdy:     
“Aýt: «Eýsem bilýänler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi”.
 (Zümer 9)
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtýar:
«Ylym talap etmek her bir musulmana parz»
 (sahyh -jamyg 3913, sahyhul- targyb wer-terhib 72)
Sebäbi her bir kişi öz hukuklaryny we başgalaryñ üstündäki haklaryny bilmek üçin.
(Ýenede Yslam iterýär) köpçüligi goramaga, ony gowy ýola ugrukdyrmaga haýsy zat bolsada oña zyýan ýetirjek bolsa häzirlendirmäge, sebäbi barlykda zat bir görnüşdäki adama degişli bolmaýar. Yslam islendik yerdäki jemgyýete zyýan berjek zady gadagan edýär.
Alla tagala aýtdy:
“(Allanyň dini bilen) ýer ýüzi abat edilensoň,    (dinsizlik ýoluna girip) ýer ýüzünde bozgaklyk etmäň! Hem gorky‚ hem- de umyt bilen Oňa ýalbaryň! Takyk, Allanyň rahmeti ýagşy kişilere (has) ýakyndyr”.
 (Agraf 56)
Alla tagala aýtdy:
“Ynsanlaryň arasynda käbiriniň dünýä ýaşaýşy baradaky sözleri saňa hoş     gelip biler. Hatda (käbirleri) kalbyndaky (aýdýan) zadynyň (çynydygyna) Allany hem şaýat    tutunar. (Hakykatda bolsa), ol (musulmanlara) iň ganym    duşmandyr. Ol (ikiýüzli seniň ýanyňdan) gidip (bir    işiň başyna barsa) ýer ýüzünde pitne- pisat çykarmak, ekinleri zaýalap, nesli     bozmak üçin tagalla eder. Alla pitne- pisady halaýan däldir”
 (Al-Bakara 204-205)
 Yslam Ýer ýüzündäki her bir zat ulanmaklyga we peýdalanmaklyga çagyryş edýär.
Alla Alla tagala aýtdy:
“Ýeri size (ýaşaýyş üçin) boýun egdiren Oldur. Bes, siz onuň (ýeriň) gerdenlerinde (üstünde) geziň we Onuň (Allanyň) rysgalyndan iýiň! (Ahyrynda) dolanyp baryş Oňadyr”.    
 (Mülk 15)
Yslam akyly gidirýän (arak, piwo) we neşe (trek, geroin) ýaly zatlara garşy bolmaga çagyrýar.
Alla tagala aýtdy:
“Eý, iman getirenler! Takyk, arak (şerap) humar, dikiligi daşlar (butlar) we pal (atylýan) oklar şeýtanyň pis-hapa işleridir. Bes, siz halas bolmagyňyz üçin ondan daş durum”.
 (Mäide 90)
Yslam namysy we mal mülki goramaga çalyşýar.
Alla tagala namys barada şeýle diýýär:
“Zyna golaýlaşmaň, çünki ol aňrybaş bihaýalykdyr, bozuklykdyr, örän ýaman ýoldur”.
 (Isra 32)
Alla Alla tagala aýtdy:
“Namysly aýallara (zyna günäsi bilen) töhmet atyp, soň hem dört şaýat getirmediklere segsen gamçy uruň we olaryň şaýatlyklaryny hiç    haçan kabul etmäň!    Olar pasyk kişilerdir”.
 (Nur 4)
Kim jemgyýetde bozuklygyñ ýaýramagyny islese, ony ýaýratsa, şoña eltýän ýoly ýeñilletse we şoña kömek etse oña gaty agyryly azabyñ bardygyny aýdýar.
Alla Alla tagala aýtdy:
“Iman getirenleriň arasynda erbet sözleri (habarlary) ýaýratmagy     halaýanlar üçin dünýäde we ahyretde jebir-jepaly azap    bardyr. Alla bilýär, siz bolsa bilmeýärsiňiz”.    
 (Nur 19)
Mal-mülk barada Allah tagala şeýle diýýär:
“Siz оz    araňyzda (biri-biriňiziň) emlägiňizi    nähak    (ýol bilen) iýmäň!”
 (Al-Bakara 188)
Alla Alla tagala aýtdy:
“Ölçäniňizde (kemeltmän) doly ölçäň! Dogry çekýän terezi bilen çekiň! Ine, bu has haýyrlydyr we iň gözel çözgütdir”.
 (Isra 35)    
Alla tagala aýtdy:
“Eý, iman getirenler! Alladan gorkuň! Eger mömin    bolsaňyz, siz bar bolan göterimiňizden el çekiň! Eger muny etmeseňiz,    onda Alla we Onuň pygamberine    (garşy)    söweşe (girýändigiňizi) bilip goýuň! Eger (göterimden) toba edip, (bu päliňizden gaýtsaňyz), onda emlägiňizden maýa goýumyňyz (goýan mukdaryňyz) siziňkidir.    Siz (göterim alyp) zulum etmäň, size hem (goýan puluňyzy alandygyňyz üçin) zulum edilen    däldir”.    
 (Al-Bakara 278/279)
Yslam Köpçülige peýda berjek zatlary dikeltmek we şonuñ peýdasy jemgyýet dolanar ýaly ýetimleri gol astyna alyp seretmeklige iterýär.
Alla tagala aýtdy:
“Ýetimiň mal-mülkine,    tä ol kämillik ýaşyna    ýetýänçä diňe iň gowy tärde golaýlaşyň!”
 (Isra 34)
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtýar:
«Men we ýetime hossar çykan, şular ýaly»diýip süýem barmagyn bilen orta barmagyny görkezdi (ikinji we üçûnji barmagyny).
 Buhary rowaýat eden.
Yslam Açlyk bolmazlyk üçin dogry bolan hem ýollary ulanmaga çagyrýa.
Alla tagala aýtdy:
“Emma    ol kyn    depäni    aşyp bilmedi. Sen ol    (aşmasy) kyn depäniň nämedigini    (kyýamat azabyndan halas etjek zady) bilýärsiňmi? Ol bir guly azatlyga çykarmakdyr. Ýa-da gytlyk zamanynda mätäje     tagam iýdirmekdir”.    
 (Beled 11-12-13-14)
Yslam Gullary azat etmeklige çagyrýar.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Kim musulman guly azat etse (boşatsa) şol guluñ her bir agzasyna (organina) derek onuñ (azat edeniñ) hem şonça agzasyny (organyny) otdan boşadar, tä guly boşadyp begendirişi ýaly ony hem otdan boşadyp begendirer”.
 Sahyh Muslim.

YSLAM AHLAGY SALAMATA (PARAHATҪYLYGA) ҪAGYRÝAR

 Yslam ahlagy adam üçin näme zat bilen bagta ýetip bolýan bolsa şony etmekligi buýrýar we näme zat jemgyýetde ýigrençlige, duşmançylyga eltýän bolsa gadagan edýär. Bul zatlary parahatçylyk, asudalyk bolmagy üçin şol zatlara eltýän işleri ýerine ýetirýär. Yslamyñ gözel ahlagy diýseñ kan.
 Yslam ynsana ezýet berýän zada ýada erbet ahlagyna haram diýdi we Allahyñ ondan razy bolmajagyny aýtdy. Kim şular ýaly ahlaklar bilen sypatlansa, şu dünýäde adamlaryñ ýigrenjine we ahyretde Allahyñ azabyna duçar bolar. Şonuñ üçin Robbumyz (Perwerdigärimiz) haksyz duşmançylygy we zulumy söz bilen bolsun ýada amal bilen bolsun haram etdi.
Alla tagala aýtdy:
“Sen aýt: «Perwerdigärim hem äşgär, hem    gizlin ýagdaýdaky ähli bozuklygy haram edendir”.
 (Agraf 33)
Kuddus hadysda Alla tagala şeýle diýýär:
 “Eý gullarym! Zulum etmegi özüme haram etdim we siziñ arañyzdada haram etdim, bir-birñize zulum etmäñ”.
 Muslim rowaýat edýar.
Zulum edýäni we zulum edýäne deñ derejede kömek bermäge emir etdi.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy:
«Zulum edýän bilen zulum edilýän doganyña kömek ber!» biri aýtdy: «Eý, Allahyñ Resuly zulum edilýäne kömek ederin, ýöne nädip zulum edýäne kömek edeýin? Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) aýtdy: « Zulumyny gadagan et ine şul kömek etmeklik»
 Buhary
 Yslam sözde we amalda özüñ bilen we başgalar bilen adalatly bolmagy buýurdy.
Alla tagala aýtdy:
“Takyk, Alla adalaty, ýagşylyk    etmegi we garyndaşlara (ýardam) bermegi emir    edýär. Bihaýalygy, erbet işleri we azgynçylygy gadagan edýär hem-de pent alarsyňyz (diýip) ündew edýär”.
 (Nahl 90)
Arkaýyn ýagdaýda bolsun ýada kynçylykda bolsun, musulman kişi bilen bolsun musulman däl kişi bilen bolsun tapawudy ýok, Yslam adalatly bolmagy talap etdi.
Alla tagala aýtdy:
“Eý, iman getirenler! Allanyň (haky) üçin dogry ýoly tutup, adyllyk bilen şaýatlar    boluň!    Bir kowuma bolan kinäňiz sizi adalatsyzlyga itermesin”.
 (Mäide 8)
Ýenede ýürekleri ýumşartmak we ondan göripçiligi aýyrmak üçin erbetligi (ýamanlygy), ýagşylyk bilen gaýtarmaga buýurdy.
Alla tagala aýtdy:
 “Sen iň ýagşy ýol bilen (ýamanlygyň) öňüni al! Öz araňyzda duşmançylygyňyz    bolan bir kişi, (ýamana ýagşylyk bilen jogap berendigiň üçin) belki, seniň bilen ýakyn dost bolar”.    
 (Fussylet 34)
NETIJE:

Men bilýärin, şul kitabymda doly derejede Yslamyñ Terorizime garşylygyny beýan etmedim, ýöne welin käbir yşaratlar bilen gysgaça Yslamyñ garşydaşlary bilen alyp barýan ýagdaýyny açykladym. Ýenede Yslamyñ jemgyýetiñ peýdasyna uly meýil edýänini gysga görnüşde açykladym. Yslamyñ iñ berk taraplarynyñ biri hem Alla üçin söýmek we Alla üçin ýyigrenmek bolupdur. Söýgi Dünýä bähbidi, haý höwes we şöhwetler esasynda bolman Allah üçin bolýar. Bir adamy ýyigrenilende öz şahsy üçin ýigrenilmän, Allahyñ emirlerine ýeñil-serpaý garaýany üçin ýada haram işleri edýänligi üçin bolup durýar.
 Alla tagala aýtdy:
“Sen geçirimliligiň ýoluna eýer‚ ýagşylygy ündäp‚ nadanlardan ýüz öwür!”
 (Agraf 199).
Yslamyñ nähili owadan, gözel dindygyna seret!
Adamlary ýaradylana gul bolmakdan, Allaha gul bolmaga kufuryñ we şirkiñ garañkylygyndan Yslamyñ nuruna (ýagtylygyna) çykarýar.
Alla tagala aýtdy:
“Alla iman getirenleriň dostudyr. Olary tümlüklerden (ýagty) nura     çykarar. Kapyrlaryň    dostlary bolsa tagutdyr     (şeýtandyr). Olary (ýagty)     nurdan tümlüklere çykarar. Ine, olar dowzahylardyr. Olar ol ýerde ebedi     galarlar.”
 (Al-Bakara 257)
(Yslam öz) Eýerijilerini hemmeler bilen gowy gatnaşykda bolup, jemgyýete adalaty ýöretmelidiklerini öwretmek bilen terbiýeleýär, ýenede hak-hukuklar goralmalydygy we adamlaryñ mertebesi depelenmezligini, bagyşlap bilmekligi, söýgi we ysnyşyk artmagy üçin, Allahyñ haram eden zatlaryny pes görmezligi, adam newsi bolsun, ar namysy ýada mal-mülki bolsun el we dil uzatmazlygy, kiçini sylap, ula hormat goýmany baýyñ garybyñ elinden tutmalydygyny we her bir kişi başgasy bilen duýgudaş, rähmetli, mähirli mylaýymly bolmagyny öwretmek bilen terbiýeleýär.
Pygamberimiz (sallallahu aleýhi wesellem) habar berýär.
«Muminleriñ biri -birleri bilen gowy görüşmekleri, rähmetli boluşmaklary we duýgudaş boluşmaklary bir jesediñ mysaly ýalydyr. Egerde jesetde bir agzasynda (böleginde) agyry bolsa jesediñ beýleki ýerleriñ ynjalyk boluşy ýaly».
 (Muslim rowaýat edýar).
Umyt edýärin şu kitap hak gözleýänlere, dogryny görkeziji bolmagyny. Jenneti üznüksiz lezzet nygmaty utmaklygy isleýänlere, we özlerini otdan goramagy gaýrat edýänlere.
Sebäbi ýagdaý diýseñ gorkuly, iñ soñunda barymyza ölüm garaşýanyny hemmämiz bilýäris, ýöne ölüm bilen hemme zat gutarýan bolsa edil bular ýaly gorkulam bolmazdy, ölümden soñky boljak zat hasda gorkuly. Biz musulmanlar ölümden soñky direlişe, hasaba we otda ýada jennetdäki gutarnykly ýaşaýyşa iman getirýäris. Kim Yslamy kabul etse we ýagşy işler etse Allahyñ rähmet etmegi bilen Jennete girjegini we kim adamyñ hukugyna degse, ondan kyýamat güni ondan hakyny aljagyny, Allahyñ huklarynda kem gaýtsa, Allah islese azap berjegine ýogsamam rähmet etjegine bilýäris. Ýöne welin kim Yslamdan ýüz öwürse şirkiñ yada küfüriñ içinde öläýse, onuñ müdümilik otda galjagynyda ynanýarys.
Şonuñ üçin her bir akylly kişi özüne dogry ýol saýlamaly we dogry bolan dini gözlemeli!
 Jennete eltýän dogry we ýalñiş iki ýoldan birini saýlamaly, üçünji hem ýok: Dogry (Yslam) we ýalñyş ýol.
Älemlere rähmet üçin iberilen Muhammet Pygamberimize (sallallahu aleýhi wesellem) maşgalasyna, ýoldaşlaryna we kyýamat günine deñeç onuñ ýoluny eýerenlere salawat we salam bolsun.

 

 

WWW.ISLAMLAND.COM