Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri

Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri

اسم الكتاب: أحكام العقيقة في السنة المطهرة


ترجمة : العبد الراجي رحمة ربه


نبذة مختصرة: مقالة باللغة التركمانية تتحدث عن شروط العقيقة وأحكامها.


Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri.

أحكام العقيقة في السنة الطهرة

 

Terjime eden: (Allanyň rehmedine umyt baglaýan bende).
Alla olaryň ählisine we şu kitaby okanlaryň ählisine rehim etsin.
المترجم: العبد الراجي رحمة ربه
رحمة الله على الجميع



Köp çagalylygaň fazylaty barada.

Makal bin Ýesar razy allahu anhu aýdýar: Resulallanyň ýanyna bir adam gelip,Ýa Resulalla maňa bir atly- abraýly, wezipeli, mal mülkli bir owdan aýal nesip etdi men şoňa öýleneýinmi, ýöne şol aýal çaga doguranak diýýär, (öň durmuşa çykyp çagasy bolmadyk ).Şonda Resulalla ol adamy aýala öýlenmekden gaýtarýar, soňra şol adam ikinji sapar gelýär-de öňki aýdan zatlaryny aýdýar ýöne Resulalla ýene gaýtarýa üçünji sapar hem gelýär, Resulalla ony ýene-de gaýtarýar,soňra Pygamber sallahu aleýhi we sellem şeýle diýýär: mylaýym we mähirli, köp çaga dogurýan aýala öýleniň çünki men siziň köplügüňiz bilen begenerin.
Ýene Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýydýar: Öýleniň men siziň köplügiňiz bilen guwanaryn,ýöne siz hiristiýanlaryň terki dünýä bolşy ýaly terki dünýä bolmaň (ýagny öýlenmekden ýüz öwürmäň).

Gyzlary terbiýe edeniň fazylaty barada

Ymam Muslimyň we Tirmizynyň Enes razy Allahu anhunyň rowaýat edýän hadysynda Resulalla sallahu aleýhi we sellem şeýle aýydýar:“ Kim ýetginjek ýaşa ýetýänçä iki  gyza hossar çyksa (öz gyzy ýa-da ýetim gyz) men we ol adam jennetde şeýle bolup gireris diýýär“.  ýagny golaý bolup gireris.
Ymam Ahmediň rowaýat edýän hadysynda Ykba bin Amir razy Allahu anhu aýdýar Resulalla aýdan:“Kimiň üç sany gyzy bolsa olara sabyr etse (ýagny ösdirip – ýetişdirmekde, terbiýe bermekde) ýagdaýy boldugyça iýdirse-içirse, geýim geýdirse  kyýamat güni oňa otdan perde bolar.
Ymam Baýhakyň rowaýat eden hadsynda Aýşa razy allahu anhä aýdýar Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýdan: Meniň ummatymdan bir adam üç sany gyza ýa-da üç sany uýa ýagşylyk etse (hossar çyksa) kyýamatda otdan perde bolar.

Oglanlary terbiläniň fazylaty barada.

Ymam Buhary öz sahyhynda Ebu Hureýre razy Allahu anhu hadysyndan şeýle gelýär Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
„Dawudyň ogly Suleýman sallahu aleýhi we sellem.şeýle diýdi:“Men şu gije ýüz aýalymyň ýanýana bararyn (ýagny ýanaşaryn) ýada togsan dokuz aýalmyň ýanyna ýanaşaryn şolaryň hemmesi Alla ýolundaa jžihäd etjek ogul dogurarlar“ diýýär şonda ýanyndaky:“ Inşä Alla diý“ diýýär, ýöne Suleýman sallahu aleýhi we sellem diýmegi unydýar, soňra bolsa diňe bir aýal gowreli bolýar ol aýal bir çaganyň bir bölegi bilen gelýär ,Pygamber sallahu aleýhi we sellem.aýydýar:
„ Alladan ant içýärin şonda Inşä Alla diýen bolsa hemmesinden Alla ýoluna söweş etjek çaga  dogulardy“ diýýär.
Ebu Hureýrän hadysynda Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýydýar:
„Kyýamat gününde Alla ýedi synply adamy öz kölegesinde kölegelär ol güni Allanyň kölegesinden başga hiç-hili kölege bolmaz adyl ymam.
Maksat şerygatda ymam diňe erkek kişi bolmaly.

Ýagşy atlar barada.

Resulalla ýaman atlary üýtgedenligi üçin çaga ýagşy at dakylmalydyr.
Ebu Musa razy Allahu anhunyň hadysynda şeýke diýýär:“Meniň oglum boldy we men ony Pygamber sallahu aleýhi we sellem ýanyna getirdim Pygamber sallahu aleýhi we sellem oňa Ybraýym diýip at dakdy we oňa tähnik etdi (ýagny hurmanyň bir bölegini alyp, çeýnäp barmagyň ujyna alyp çaganyň agzyna saldy) we bereket - haýyr doga etdi,soňra bolsa çagany gaýdyp berdi, şol çaga Ebu Musan uly oglydy.
Ymam Muslimyň rowaýat eden hadysynda ibn Omar razy Allahu anhumäşeýle aýydýar,Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan :
„Allatagallanyň ýanynda iň gowy atlar Abdylla we Abdyrahman atlardyr“.
Ýeýle hem iň gowy atlar Allatagalaň bendesi diýip ýöňkelen atlar ýagny - Abdylla,Abdy-Rahman,Abdyl-Hamid,Abdyl-Jebbar ýaly atlar, şonuň ýaly atlar ýenede gowy atlardan pygamberleň atlary çünki Pygamber sallahu aleýhi we sellem öz sahabalarynyň ogllaryna pygamberleriň adyny dakan, öz ogluna Ybraýym, Ebu Musaň ogluna Ybraýym dakan sonra Abdylla bin Saläm diýen bir islamy kabul eden ýewreýin ogly bolýar şoňa Ýusuf diýip at dakýar we Ebu Talhaň ogly bolýar oňa Abdylla diýip at dakýar.
Ymam Semgany „Subulas-Salam“ diýen kitapda şeýle aşdan:
„Iň erbet zatlaryň biri biziň zamanamyzda erbet adamlar uly ýagşy atlar bilen dakyndylar şuň ýaly zatlaň hökman oňüni almaldyr“.
Pygambar sallahu aleýhi we sellemiň öz adyny dakmaklyk hem gowydyr. Gadagan edilen atlar öwgä mynasyp bolan atlar, ýenede kapylaryň adyny dakmak we Alladan gaýra bendesi diýlip  ýönkelýän atlary dakmak gadagan meselem Abdyl-Resul,Öwläguly şol atlar gadagan,enede patşalaryň-patşasy ýaly gadagandyr.
 
Haçan at dakylýar.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem ýedinji güni çaga at dakmaklygy buýurdy, we-de onuň hapsyny aýyrmaklygy we  akyka etmekligi buýurdy ,adyny dogulanynyň yz ýany daksada bolýar oňa delil Ebu Musa şeýle diýýär:”Meniň oglum boldy yz ýany Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň ýanyna getirdim şol güni at goýdy”.
Ýöne ýedinji güni goýsaň has gowusydyr.
Ibni Hazym aýydýar:” Çaga dogulan güni at dakylýar ýöne ýedinji güne garaşylsa has gowusydyr.
Kaka ýa-da eje at dakmaga has mynasypdyr diýilýän delil ýok şu ýerde adadta näme alynýan bolsa alynýandyr.
Pygaber sallahu aleýhi we sellemiň özi öz gyzynyň ogullarna Hasan,Huseýine  özi at dakýar Pygamber bolanlygy üçin däl-de olaryň atasy bolanlygy üçindir çünki Pygamber sallahu aleýhi we sellem:
„Ogluma näme at dakdyňyz” diýýär „Oglum” diýip ýatlaýar, özünüň neslidigni ýatlaýar.

Akyka

Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:”Her bir çaganyň akykasy bardyr onuň adyndan gan dökuň we ondaky hapany aýyryň“.
Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýdan:
“Akyka hökmandyr ,oglandan iki sany deň goýun gyzdan bir goýun”
Enes razy Allahu anhu aýdan:” Pygamber sallahu aleýhi we sellem Hasan-Huseýiniň hersi üçin iki goýundan damagyny çaldy”.

Akyka wajypdyr.

Aýşa razy Allahu anhä aýdan:”Bize Pygamber sallahu aleýhi we sellem oglan üçin iki malyň gyz üçin bir malyň damagyny çalmaklygy  buýurdy “.

Haçan damak çalynýar.

Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
„Çaga öz akykasyna baglydyr ýedinji gün at dakylýar, damak çalynýar, saç syrylýandyr“.
Başga rowaýatda“ ýedilenji gün girende diýýär“.
Eger ýedilenji güni damak çalyp bilmese yzyndaky ýedilenži güni çalmalydyr eger ol ýedilenji gün çalyp bilmese üçünji ýedilenji gün damak çalyp bilýär, eger üçinji hepdede damak çalyp bilmese hiç zat çalmaýar, başarmadygydyr.
Aly kary „Myrkat“ diýen kytabynda şeýle diýýär:
„Çaga öz akykasyna baglydyr ýagny - apatlardan belalardan aman bolmagy üçin akykasy baglydyr diýýär.

Haýsy maldan damak çalynýar.

Aýşa razy Allahu anhä Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
„Oglan üçin iki goýun gyz üçin bir goýun damak çalynýar (mal) erkek bolsun urkaçy bolsun tapwudy ýokdyr.
Ebu Hureýre razy Allahu anhu aýydýar Resulalla sallahu aleýhi we sellem aýdan:
„Sary ak garyşyk mal iki gara goýundan gowydyr diýýär .
Malyň plan şekilli bolmagyna hiç –hili delil ýokdur, ýöne goýun diýlip söz geldi goýun nämä at diýilse şol bolýandyr, ýöne bende Hudaýyň beren nygmatyna şükür edip şükurni gaýtarmak üçin damak çalýan maly göz görtel çaşy ýa-da agsak, bolmaly däl diýlip delil ýok ýöne eden şükrini has  aňry başyny etse has gowydyr.
Pygamber sallahu aleýhi we sellem aýydan gurbanlyk barada damak çalynýan malyň gowysy bahasy galaragydyr diýýär.

Ýagşy damak çalmak.

Men Resulalla sallahu aleýhi we sellem den iki sany zat ýat tutdym diýýär ,Allatagalla her bir zada ýagşylyk etmekligi buýurandyr eger damak çalyp öldirseňiz gowy edip öldiriň pyçagyňyzy ýeiteliň öldirýän malyňyza ezet bermäň.

Oglan üçin iki goýun gyz üçin bir goýundan başga zat damak çalmaklyk bolýan däldir.

Ata aýydýar bir aýal Aýşa razy Allahu anhä::”Eger pylanynyň aýaly dograýsa men duýe ýykaryn” diýýär şonda Aýşa enemiz:
“Ýok sunnet, oglan üçin iki goýun, gyz üçin bir goýunyň damagny çalmaklykdyr”diýýär.
Ýusuf bin Mähik şeýle aýydýar:” Men we ibn Muleýke Hafsa binti Abdyrahman bin Ebu Bekiriň ýanyna girdik şol wagtlar Munzir bin Zubeýiriňem ogly bolupdy şonda men:” Düýe ýykaýsaň bolmaýamydy” ? diýdim ,şonda Hawsa :”Alla saklasyn meniň daýzam Aýşa şeýle diýen:” oglan uçin iki goýun gyz uçin bir goýunyň (damagy çalynmalydyr) diýdi diýýär.

Adam özüniň akykasyny etmek barada.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem Pygamber bolandan soň öz akykasyny edipdir.Şeýh Albani şu zatlara selefler hem amal edipdir diýip ýatlaýar .
Muhammet bin Siri aýydýar:”Meniň akykam edilmedigni bilen bolsa men öz özüme akyka ederdim “.
Uly tabygynlardan Hasan al- Basram birine eger senň eneň - ataň saňa akyka etmedik bolsa sen öz özüňe akyka et diýýär.
Şeýh Albanidan öz sapaklarnyň birinde biri soraýar:” Akyka üçin karz almak dogrymy?, akyka wajypdyr” diýip ýatlaýa şeýhyň özi şeýle diýýär:
“Egerde sen bergiňi gaýtaryp biljek bolsaň karz almak bolýandyr,gaýtaryp bilmejek bolsaň bolýan däldir, çünki gaýtaryp bilmeseň adamlaryň malyny boş ýere iýýän adam ýaly bolýansyň.

Doglan çaga azan aýytmaklyk.

Ebu Rafig razy Allahu anhu aýydýar men Resulalla sallahu aleýhi we sellem miň Fatimanyň Hasany doguranda gulagyna azan aýdanyny gördum diýýär.

Tähnik etmek.

Enes razy Allahu anhu aýydýar:
“Ebu Talhanyň ogly keselleýär, soňra Ebu Talha çykandan soň çaga ölýär we aýaly  çagaň ölenligni aýytmaýar agşam Ebu Talha öýe gelende soraýar” çagamyz nähili”? diýýär Ummy Suleýim:” Iň gowy haldadyr”diýýär we agşam naharyny berýär we bir-birinin ýanyna ýanaşýarlar soňra çagaň ölenligni habar berýär we Ebu Talha Pygaber sallahu aleýhi we selleme bolan wakany aýydýar Pygamber sallahu aleýhi we sellem:“ siz ýanaşdyňyzmy? Allatagalla size bereket bersin” diýýär.
Soňra olaryň ogullary bolýar we Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň ýanyna getirýär agzyna tähnik edýär hurmany çeýnäp agzynyň içine degirýär soňra Abdylla diýip at dakýar şol çaga  alym bolup ýetişýär.
 
Kümüş sadaka etmeklik.

Aly razy Allahu anhu aýydýar: Pygamber sallahu aleýhi we sellem Hasan üçin akyka edýär we Fatma:
„Onuň saçyny syrda agramyna görä kümüş sadaka ber“ diýýär  dirhem töwerek saçynyň agramy bolupdyr.

Akyka baraňda näme diýmeli.

Esma binti Ebu Bekir razy Allahu anhumä aýydýar:”Men Abdulla ibin Zubeýrden göwreli boldum ýagny mekkede soňra medinä hijret edip geldik we Kuba diýen ýerde oglum dogldy,soňra Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň ýanyna oglumy getirdik Pygabmer sallahu aleýhi we sellem öz gugagyna goýdy soňra hurma getirmekligi buýurdy Pygmber sallahu aleýhi we sellem hurmany çeýnedi-de öz agzyndan alyp Abdyllanyň agzyna goýdy, Abdyllaň agzyna ilkinji goýulan zat Pygamber sallahu aleýhi we sellemiň tükilgi boldy, soňra Pygamber sallahu aleýhi we sellem tähnik etdi ýagny şol hurma bilen agzynyň içini geçdi bereket dogasyny etdi ýagny berekealla diýdi,we-de yslamda dogulan birinji oglan şol boldy we şeýle begendiler çünki olaryň arasynda “ýewreýler sizi jadyladylar siziň çagaňyz bolmaýar” diýen gep döräpdir”.
Umuman şu babtda hiç-hili belli doga ýok ýagny berekealla ýa-da Allatagala ýaşyny uzyn etsin diýip şonuň ýaly umumy dogalary etse bolýar.

Sunnetlemek barada.

Pygamber sallahu aleýhi we sellem şeýle diýen:
“Sünnetlmek fytratdyr,päklikdir”.
Jabir razy Allahu anhunyň hadysynda Pygamber sallahu aleýhi we sellem Hasan we Huseýini ýedilenji güni sünnetlän.
Ýokarda ýatlanan zatlaryn hiçisi dowamatly bolmagy şert däl ýagny birinži akyka etmeli soň at dakmaly,soň saçyňy syrmaly diýilen zat ýok haýsyny öň ýa-da soň edilende bolýar umuman hemmesini bitirmelidir.
Şeýh Albani şeýle diýýär:” Akyka üçün belli ýurt şert däldir biriniň çagasy Amerikada bolsa Turkmenistana gelse ol ýerde damak çalmaklygy ýada şu ýerde damak çalmakylgy şert däldir.
Şeýh Albani aýydýar: Akykany ýagdaýyň bolsada soňa goýup bolýar ýöne üç hepdeden geçmeli däldir.

Doglan gün etmek barada.

Şeýh Useýmin öz sapaklarnyň birinde şeýle aýydýar:Her hepdede her aýda gaýtalanyp gelýän zada aýyt diýilýär, şerigatda bolmadyk zadyň ählisi bidgatdyr şerigat çaga üçin akyka diýen zady goýdy şondan başga hiç zady çaga üçün goýmady, ýöne adamlar her ýylda ýa-da her aýda dowamatly gelip durmagy şerigat aýytlarna, şerigat baýramlarna meňzetmekleri gadagandyr çünki yslamda  üç sany aýyd bardyr biri agyz açylanda beýlekisi gurbanlyk we her hepdede gelýän juma namazy aýydyň görnüşidir.
Şeýh islam ibn Teýmiýe aýydýar: gurbanlyk etmeklik ýada akyka etmeklik şol malyň bahasyny sadaka bereniňden gowydyr.    

Päk sünnetdäki akykanyň hökümleri

Acerca del libro

Autor :

www.islamhouse.com

Editor :

www.islamland.com

Categoría :

Jurisprudence